Täze ýyl baýramy mynasybetli käbir harytlaryň bahasy 50 göterime çenli arzanladylar

24-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Hökümetiň agzalaryna Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz bu çäreleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda öz beýanyny tapan döwlet syýasaty bilen baglylykda amala aşyrylýandygyny nygtady.

Wise-premýer Ç.Gylyjowa 25-nji dekabrdan başlap, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwyny guramak, adamlaryň dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahasyny 50 göterime çenli arzanlatmak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyzyň şäher awtobuslarynda mugt gatnadylmagyny guramak tabşyryldy.

Wise-premýer M.Mämmedowa bolsa metbugatda we teleradioýaýlymlarda bu çäräni hem-de arzanladylan bahadan satylýan harytlary giňden mahabatlandyrmak barada görkezme berildi.
5 лайков 203 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ejegyz.
25 дек 2021, 17:38
Täze ýyl geçensoň nähili bolarka ?!
Asyrow_Danco
Автор 25 дек 2021, 17:39
Ejegyz,
Onkisi bolarda na bileyin
Kalp doctory
25 дек 2021, 17:39
taze yylda gowja semrap son haryt galandada horlanaymaly borda haha.
GuljemilE
25 дек 2021, 17:39
Dollar gacdy şondan şeyle..like
Aýnur
25 дек 2021, 17:40
Käşge..
Asyrow_Danco
Автор 25 дек 2021, 17:41
kalp doctory,
Ýo 50% göterim arzanlaşyk bolsa köpräk zad basyp goýmaly
Kalp doctory
25 дек 2021, 17:43
haha elbetde ozinem zapas iyip iyip doyamaly.
Döwlet Şöhradow
25 дек 2021, 17:49
1-nji ýanwar: holodilnik boş))
#динара.
25 дек 2021, 17:50
Buyruk cykandyr yone boljak zat yokla........
Gymmatlar welin,arzanlamaz...
Aýnur
25 дек 2021, 17:55
1 hepdelap taze ýyl produkda iş bolarey arbuz
Döwlet Şöhradow
25 дек 2021, 17:58
Semrarsiniz onkinizden azda kan)
Asyrow_Danco
Автор 25 дек 2021, 18:18
Miss_minnosh,
Aýýoklaý prezident aýtsa bolar
#динара.
25 дек 2021, 18:20
Asyrow_Danco,
welayat merkezlerde arzanlar yone ona dash yerlerde sho baha bolar....
Asyrow_Danco
Автор 25 дек 2021, 18:22
Miss_minnosh,
Howwa ýöne seň aýtýanyňam dogry
#динара.
25 дек 2021, 18:36
Asyrow_Danco,
sebabi yokardan adam gelendede merkeze baryada ondan dasha baranok
Asyrow_Danco
Автор 25 дек 2021, 19:17
Цитата: Miss_minnosh
Asyrow_Danco,
sebabi yokardan adam gelendede merkeze baryada ondan dasha baranok

yo dogry aytyan
Nurana
25 дек 2021, 19:54
Цитата: Asyrow_Danco
Ejegyz,
Onkisi bolarda na bileyin

Dogry
Nurana
25 дек 2021, 19:55
5günlüge arzanlapdyr