GUDAÇYLYK GEŇEŞI
Merwiň kazysy Nuh ibn Merýemiň ýaşy ýeten uly gyzy bar
eken-de, onuň üçin gudaçylyga gelýänleriň haýsy biriniň sözüni kabul etjegini bilmeýän eken. Ol ahyry bu mesele bilen özüniň jöhit
goňşusyna sala salypdyr. Goňşusy muňa ör-gökden gelipdir: «Ähli
mähelle senden maslahat soraýar, saňa geňeş edýär, sen bolsa bu
mesele bilen maňa ýüz tutýarsyň» diýipdir. Nuh kazy hem öz diýenine
tutupdyr: «Ýakyn goňşymyň maslahaty göwnüme jaý görünýär. Sen
maňa hökman salgy bermelisiň» diýipdir. Jöhit goňşusy: «Parslaryň
patyşasy Kesra baýlygyna seredip saýlaýardy. Rumlaryň hökümdary
Kaýsar gözelligine seredip saýlaýardy. Araplaryň hökümdary ata-baba aslyna seredip saýlaýardy. Siziň hökümdaryňyz adamkärçiligine
we arassalygyna seredip saýlaýardy. Sen bularyň haýsyna eýerýän
bolsaň, şoňa görä hem saýlaber» diýipdir.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.