MEN SENDEN UZAKDA, SENDEN UZAKDA
Diňe göz öňüne getirýän seni,
Ses ýeterden,
el ýeterden uzak-la.
Alys aralygňam bor-la bir çeni,
Men senden uzakda,
senden uzakda.
Ykbalyň ýollaryn kesgitläp bolmaz,
Meniň alajym ýok,
ara uzaksa.
Wah,
häzir men seni görmek islärdim,
Ýöne men uzakda,
senden uzakda.
Eşitmek islärdim seniň sesiňi,
Islärdim —
ezizim elin uzatsa.
Aralyk daş
ony ýeňip geçerden.
Men senden uzakda,
senden uzakda.
Aýralygyň özi synag bolmaly,
Belli däl bu juda gizlin duzaksa.
Meniň öz wepama asla şübhäm ýok,
Ýöne men uzakda,
senden uzakda.
Ara daş diýp,
bar kişini gorkuzdym,
Boşluk zym-zyýat bor eliň uzatsaň.
Şol pursatda seň dünýäňe dolaryn,
Ýöne men uzakda,
senden uzakda.
Ýakynyňda wagtym az ýatlaýardym,
Oýlanýan ekenim men özüm hakda.
Özümi terk etdim,
diňe sen,
sen bar,
Ýöne men uzakda senden uzakda...
Älemleň göwsünde duşuşaly biz,
Senem meni ýatla özüňe bak-da!
Senden uzaklaşyp,
ýakynlaşaýyn,
Ýöne sen uzakda,
menden uzakda.
Orazguly Annaýew.
Ses ýeterden,
el ýeterden uzak-la.
Alys aralygňam bor-la bir çeni,
Men senden uzakda,
senden uzakda.
Ykbalyň ýollaryn kesgitläp bolmaz,
Meniň alajym ýok,
ara uzaksa.
Wah,
häzir men seni görmek islärdim,
Ýöne men uzakda,
senden uzakda.
Eşitmek islärdim seniň sesiňi,
Islärdim —
ezizim elin uzatsa.
Aralyk daş
ony ýeňip geçerden.
Men senden uzakda,
senden uzakda.
Aýralygyň özi synag bolmaly,
Belli däl bu juda gizlin duzaksa.
Meniň öz wepama asla şübhäm ýok,
Ýöne men uzakda,
senden uzakda.
Ara daş diýp,
bar kişini gorkuzdym,
Boşluk zym-zyýat bor eliň uzatsaň.
Şol pursatda seň dünýäňe dolaryn,
Ýöne men uzakda,
senden uzakda.
Ýakynyňda wagtym az ýatlaýardym,
Oýlanýan ekenim men özüm hakda.
Özümi terk etdim,
diňe sen,
sen bar,
Ýöne men uzakda senden uzakda...
Älemleň göwsünde duşuşaly biz,
Senem meni ýatla özüňe bak-da!
Senden uzaklaşyp,
ýakynlaşaýyn,
Ýöne sen uzakda,
menden uzakda.
Orazguly Annaýew.
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.