AŞYKLARYŇ SÖHBEDI

– Gideli-le bu dünýäni terk edip,
Dag-düzlerden tokaýlardan aşyplar.
Bizi görüp magşuklaryn unudyp,
Haýran galsyn rowaýaty aşyklar.

Näbelli dünýede tutaly mekan –
Bizden başga adam ogly bolmadyk.
Gybat, töhmet, şyltak, myjabat, şerden
Biz uzakda, has uzakda bolsadyk.

Biz ýaşaly gohdan-gepden arassa,
Açyp täze iki adamlyk dünýäni.
Menem Hudaý, senem Hudaý bolaňsoň,
Goý, etsinler perişdeler günäni.

Taparyn men adamlaryň ýok ýerin,
Bir zat diý-dä!
Nämä dymýaň?
Ýaýdanma!
– Ýör gitseň, men razy, ýöne şert bilen:
Hemme ýerde garşylasyn adamlar.



Laçyn PÜRJÄÝEWA
8 лайков 147 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Onur
02 фев 2023, 09:59
gowy goshgy eken
Onur
02 фев 2023, 09:59
yetirip dur