Ýazgarmaň!

Ýazgarmaň,
Goý, ýalňyşsyn çagalar,
Ýalňyşlara ýalňyşyplar aň alar,
Ýalňyşsalar, çagalykdan aýňalar,
Ýazgarmaň!

Ýazgarmaň,
Goý, öpüşsin aşyklar,
Märekäň öňünde hetden aşyplar,
Köp bolsun, bolsa-da ýalan aşyklar,
Ýazgarmaň!

Eneler doňbagyr bolsa bolsunlar,
Atalar doňýürek bolsa bolsunlar,
Gül çagalar, goý, solsalar solsunlar,
Ýazgarmaň!

Ýazgarmaň,
Ýarlarňyz baksa-da özgä,
Söýmeýän ýürekdir, ýazgarma dözýän,
Sen wepaly bolsaň, sen söýýän bolsaň,
Ýazgarma!

Düşünjek bolalyň, birek-biregiň,
Biz ahyry owal-ahyr geregi.
Howlukmalyň, hijem birek-biregi,
Ýazgarma...

Laçyn Pürjäýewa
13.02.2001ý.
9 лайков 219 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
07 апр 2023, 12:38
Gowy
Гость
07 апр 2023, 12:39
Serdar aga, şu şahyryň biografiýasy bilen tanyşyp bolmazmyka, mümkin bolsa
Owrenyan
Автор 07 апр 2023, 12:57
Agşamara işden gaýdyp geliner,
Şonda öýde çäýnek-käse döwülsin.
Sögünmesin onuň üçin gelinler,
Onuň üçin çagalarmyz söýülsin.

Gurbannazar Ezizow. “Täze ýylyň bosagasynda”, 1970.
Owrenyan
Автор 07 апр 2023, 12:59
Гость,

Aýal maşgala-da. Terjimehalyny özi goýmasa ýa-da "goýup ber" diýip haýyş etmese, alaga-da "özüm bilýän" diýip goýuberseň, türkmençilikde gelşiksiz bolar-la.
Perman Izakow
07 апр 2023, 17:46
Gaty gowy.Haladym.
Гость
07 апр 2023, 22:39
Owrenyan
Гость,

Aýal maşgala-da. Terjimehalyny özi goýmasa ýa-da "goýup ber" diýip haýyş etmese, alaga-da "özüm bilýän" diýip goýuberseň, türkmençilikde gelşiksiz bolar-la.

Dogry, ol'a aýal maşgala eken, daže erkek kişi bolsa-da gelşiksiz ol ozünden rugsatsyz goýmak. Ýöne men pikir etdim şahyr zenan bolansoň terjimehaly gazet-žurnallarda çykandyr, otkrowennidir, diýip. Köp ýazyjy, şahyr zenanlarymyzyň terjimehaly açyk bolýa-da köpçülige. Bu şahyrymyzam şeýledir öýtdüm
Owrenyan
Автор 08 апр 2023, 08:23
Гость,

Dünýäniň köp şahyr zenanlarynyň, şol sanda türkmen şahyra-hanymlarymyzyňam terjimehallary, suratlary bilen kitapçy.ru saýtynyň "Şygryýet melekleri" diýen bölüminde bardyr.
Гость
08 апр 2023, 09:39
Owrenyan,
Bolýa