Sümer Daş plita ýazgylary (1-njy Plita) /-8 dowamy/

NIBIRUDA PATYŞALYK UGRUNDAKY SÖWEŞ DOWAM EDÝÄR, ALALU PATYŞA BOLÝAR

Bu bolsa Alalunyň patyşalygynyň we Ýere gidişiniň hekaýasy. Ýurtda agzybirlik ýokdy, patyşalyk üçin gaty köp kişi zyýan çekdi. Köşkde şazadalar arasynda tolgunyşyklar gidýärdi, mejlisde bolsa pikirdeşler gamgyndy. Andan başlap tagta çykypdylar yzyndakylar, atadan ogula geçip gelipdi; sekizinji zürýat Lahmu hem ogullyk yglan edilen ogly galdyrypdy.
Alalu kim? Kanuny mirasdüşermi ol, ilkinji zürýatdymy? Haýsy hak bilen ol tagta el goýdy? Patyşanyň gandaş duşmany dälmi ol? Soraga çekilen ýedileriň huzuryna çagyryldy Alalu; täleýi ol ýerde ele alynmalydy.
Anşargaldan meniň neslim, diýip açyklady suduň huzurynda. Atam onuň bir gyrnagyndan dogan ogludy, ady Alamdy. Şarlar hasabynda Alam birinji ogludy. Tagt oňa degişlidi. Göwreli galan şa aýaly onuň hak-hukugyny gaçyrdy.
Tohumyň kanunyny orta atdy hiç zat ýok ýerden, öz ogluna patyşalygy berdi. Alamy patyşalykdan aýyrdy, onuň ýerine tagty ogluna bagyşlady.
Alamyň şejeresinden meň aslym. Anşargalyň tohumy içimde. Sutdaky ýediler, Alalunyň sözlerini üns bilen diňlediler.
Meseläni sud mejlisinde gözden geçirdiler, hakykymy ýa aldawmyka? Arhiw öýünden çykarylan Ýylýazgylary ünsli okaldy. Ilkinji patyşa An we Antudy. Üç ogullary bardy, hiç gyzlary bolmadykdy. Birinji oglunyň ady Anki. Tagtda höküm sürýärkä ýogaldy we yzynda perzendi galmandyr. Onuň ýerine ortanjy dogan tagta çykypdy; Anibdy ady. Anşargal onuň ilkinji ogludy. Tagta çykypdy. Onuň yz ýanyndan ilkinji ogluň tagta çykmasy kanuny dowamlaşdyrmady. Nobatdaky kanunyň ýerini Tohumyň kanuny alypdy.
Bir gyrnagyň ogludy ilkinji ogly. Tohumyň kanunyna görä patyşalykdan mahrum edilipdi. Patyşalyk Kişargalyň ogluna bagş edilipdi. Patyşanyň ene başga gyz jigsidi. Ine sebäbi hem şudy. Gyrnagyň oglundan, ilkinji ogul hakda ýylýazgylarynda bellige alynmandyr.
Şoň neslinden men diýip gygyrdy Alalu oturanlara.
Nobatdaky kanunyna görä patyşalyk oňa degişlidi. Onuň özem şeýle diýýärdi.
Şübheli oturanlar Alaludan ant iç diýdiler. Alalu öten geçenleriniň adyndan ýemin andyny içdi. Mejlis hem ony patyşa diýip yglan etdiler.
Ýaşulylary çagyrdylar, şazadalary bir ýere üýşürdiler; olaryň huzurynda karary açykladylar. Şazadalar arasynda ýaş şazada öňe çykdy; patyşalyk hakynda aýtjak zatlary bardy.
''Barlag täzeden gözden geçirilmedi'' diýdi ýygnananlara. Ilkinji zürýat, ilkinji şa aýalyndan dogan bolmasamam arassa tohumdan gelýärin. Anyň özi içimde goragda, hiç bir gyrnak ony nemlendirmedi.
Oturdaşlar onuň sözlerini üns bilen diňleýärdi. Ýaş şazada ýygnananlara has ýakynlaşdy. Onuň adyny soradylar. Anudyr uly atam. Anyň ady dakylandyr maňa.
Onuň şejeresini soradylar we ol hem olara Anyň üç oglynyň bardygyny ýatlatdy. Anki birinji oguldy; ogul gyzy bolman öldi. Anib ortanjy oguldy, Ankiniň ýerine tagta çykdy. Anib kiçi jigisiniň gyzyny aýal edip alypdy. Şolardan bärem süren Şejere ýyllyklara belgilenipdir. An we Antudan, iň arassa tohumlaryň birinden dogan bu iň kiçi ogul kimdi? Ýygnanyşanlar çykgynsyz ýagdaýda biri-birine seredişdirler.
Enurudy onuň ady diýip aýtdy Anu olara; ol meniň atamdy. Aýaly Ninuru. Onuň ene başga gyz jigsi. Ogly bolsa birinji ogul, adyna Enama diýip dakdylar. Onuň aýaly hem ene başga gyz jigsidi; tohum we nobatdakylyk kanunlara görä Enema bir ogul dogrup berdi.
Nesiller ine şu arassa şejereden, kanuna we tohuma görä sap arassa şejereden geldiler. Enem-atam maňa Anyň adynyň hormatyna Anu adyny berdiler. Tagtdan çetleşdirildi emma Anyň arassa tohumyndan çetde däldiris!
Käbir oturdaşlar patyşa Anu bolsun diýip gygyryşdylar. Alalu jezasyny çeksin! Beýleki oturanlar bolsa ätiýaçlygy elden bermäliň diýişdirler. Agzybirligi saklalyň. Alaluny huzura çagyryp bolup geçen wakany aýdyp berdiler.
Alalu şazada Anuny gujaklajak ýaly ellerini açyp oňa şeýle diýdi.
Başga nesilden gelsegem şejerämiz şol bir atadan gelýäris. Ikimiz birlikde aman-esenlik içinde ýaşarys welin Nibiruwa bereket gelsin.
Men tagtda geçeýin, Senem meň yz ýanymdan geç. Soňra mejlise seslendi. Abu mirasdüşer bolsun, rugsat berseňiz ol meniň yz ýanym bolsun...


Zekeriya SIJIN

SÜMER PLITA ÝAZGYLARY
4 лайков 91 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
07 апр 2023, 16:24
Bu bir fantastik esermi ýa-da bir ýerde ýazylyp galdyrylan ýazgylarmy?
Jeksparro
Автор 07 апр 2023, 19:34
Dowsypat.,

Gadymy Sümerlileriň ýazyp galdyran eseri.
Jeksparro
Автор 07 апр 2023, 19:56
Dowsypat.,
Başga planetaly Anunnakiler hakda barýar...
Adambay
07 апр 2023, 20:46
Dowsypat.,
Gadymy şumer medeniýetiniň daşlara ýazyp giden ýazgylaryny we suratlaryny Zakariýa Sitçin diýen biri öz düşünşiçe iňlisce terjime edýä, ondan türkçe terjime edýä bur türk. Türkçedenem @Jeksparro türkmençä geçirýär
By: @Khanture