Nesibämiz çekmese...

Nesibämiz çekmese...

Dünýäñ görki öçer, asman hem aglar,
Gün gönügip zemin nurun seçmese.
Söýjek jandan geçip, ömrümi baglap,
Parhy näme nesibämiz çekmese.

Bilýän sözüm daşa ýazylan ýaly,
Gülýän gözüm ýaşa ezilen ýaly,
Ajy gaýgylarym düzülen ýaly,
Gynanjak däl nesibämiz çekmese.

"Gelme" diýemden soñ ýene gelseñem,
Içiñ aglap bildirtmänjik gülseñem,
Ýüz ýylda çekilen zähmetden soñom,
Hiç beýgelmez nesibämiz çekmese.

Durmuş kagyz dälä oña bozguç ýok,
Toprakda hem köksiz ösen agaç ýok,
Aý bor-la, ýürekde-de alaç ýok,
Näme diýjek nesibämiz çekmese.

Jemşit Hajymämmedow
1 лайков 72 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.