Ýene seni ýatladym...
"Gunde obetda yazyshyan gunerimizi yatlatya, shumat oturan yerim. Sho wagtlar shu yerde oturyardyk..."
Şu sms bir döwür pozulup gitdi telefonumdan. Ýöne harplaryň nä tipde ýazylanyna çenli galypdyr aňymda. Niredir bir ýer meni ýatladýan bolsa, diýmek unutmarsyň meni. Hakykatdanam käbir ýerler käbir adamlary ýatladýar. Bu diňe sende ýa mende däl hemmelerde şeýle. Käte geçiren gyzykly pursatlarmyzy oturup birin-birin ýatlaýan. Dek düýnjigem "plança gün galdy" diýdiň, öňler men sanaýardym hepdeleri, günleri. Zeýrenmek endigime öwrülip barýar. Soňky gezek jaňlaşanmyzdan soň şu barada köp oýlandym. Setanda-seýranda jaň edibem degerli bir zat eşitmän zeýrenjimi, aglap sorkuldaýşymy diňlemek saňa nähili ýakymsyzdyr. Geçirimliligi, giňgöwrümliligi öwretjek bolup jan edýäň ýöne zandy dargursagy nädip düzetjek? Özboluşly häsýetleriň, birgeňsi herektleriň bar. Durmuş barada çynlakaý oýlanmagy senden öwrendim. Seredip otursam soňunda seň aýdanlaryň köpüsi dogry bolubam çykýar. Men biderek ýere was-wasa düşýan.
Seni ýatlasam şo bir wagtda hem gynanyp hemem begenip bilýän. Senli ýatlamalar, seniň bilen geçilen gyzykly günler begendirse, aýralygmyz, bir-birekden uzakdalygmyz gynandyrýar. Bilýäňmi ilki başda günorta nahara çykjak wagtyňa garaşardym. (şu wagtam ýylgyrdym) Edil ejesiniň işden gelerne garaşýan çagajyk deý birzatlar ýazarňa garaşýardym. Imodaky jaňjagaz gulagma edil hoş owaz ýalydy. Durmuş, kynçylyklar, iş-alada, ýadawlyk... şu zatlardan soňam telefona wagt tapmaly bolýaň meň üçin. Belki meň öýkelemezligim üçin habar alýansyň belki-de ýüregiň bir bölejigi meniň bilen bolansoň, özüňem isläp, göresiň gelýändir. Öýkeleşen wagtymyz "indi hiç zat ýazmaz" diýip pikir eden günlerim senden gelýän hatlaryň meni nähili tolgundurýanyny bilmersiň. Öýkelänligmiň alamaty hökümünde gysgajyk barýan jogap hatlaryň aslynda uzaaak ýazylyp iberilmezden öň köpüsiniň pozulup gysgaldylýanyndan habaryňam ýokdur belki. "Gizlin syrym" diýerdiň maňa. Täsinje sözleriň bar. "Üýtgeşikligi, üýtgeşik sowgatlary, garaşylmadyk hereketleri halaýan" diýerdiň hemişe. Ine, edil ýaňky sözlemi ýazamda-da aramyzda bolan bir ýakymsyzlyk düşdi ýadyma. Şonda "indi hiç wagt saňa garaşylmadyk birzat etmen, hemme zady özüň bilen meýilleşdirerin" diýipdiň. Gaty ýakymsyz geçipdi şol gün. (indi hiç wagt şeýle agyr gün bolmasyn) Şu wagt özüm bilip we özüm bilmezden seni ynjydan, gynandyran günlermiň bary geçdi gözöňümden. Geçirimliligi öwrenmeli senden. Bolmasa şo zatlar azajygam bolsa seňem ýüregiňe agram berip durandyr, bilýän. Aramyza düşjek sowuk-salalygyň öňüni almak üçin özüňe zor salyp geçirýäniňem bilýän. Gaharlanarsyň, sesiňi gataldarsyň, ýazanlarma jogap bermersiň ýöne barybir halaýan seni. Bir döwürki bile düşen suratlarmyzy görýän käte, olar ömrümiziň iň sapaly geçen günlerinden pursatlar. Harplar biziň dilimiz, biziň sesimiz. Sebäbi biri-birimizi görmek mümkünçiligimiz gaty az, sesimizem seýrek eşitýäris. Onsaň ýazgylarda aňlatmaly bolýar ählisini. Şekiljiklerde ýylgyrşyňy, gülüşiňi, gaharlanşyňy, keýpsizligňi görýärin. Iň esasam seni özümden aýra duýamok. Şooo birmeňzeş günler yzygider geçip dur, geçip duuur. Geçýän günler bolsa aýralygmyzy kemeldip, bileje geçirjek günümizi ýakynlaşdyrýar.
Umuman senli pikirlerim, oýlarym dagynygrak boldy. Sen hakda-da, senli günler hakda-da ýazara zat kän. Ýöne häzirlikçe şular ýeterlik. Eger ýazyjylyk ukybym bolan bolsady onda saňa bagyşlap uly göwrümli çeper eser ýazardym. Şahyr bolan bolsam üýtgeşik goşgy ýazardym, arman... Şularyň ikisindenem binesip galypdyryn
6.04.2023
23:42

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.