Dileg

Günler şu gün bilen gutarmaz, ýene
Şinelär lebleňde, gör, näçe şygrym.
Ýadawlyk maňlaýmy ýagjartdy, göýä,
Meň özüm-özüme artykmaç, agram.

Boluşyna görä ýaşaryn, ýene
Ýok bolup gitmerin ýeriň ýüzünden.
Hökman däl bar zada gabaryp ýörmek,
Meň uly ýalňyşym — ýüreksizligim.

Göreris maňlaýa düwülenini,
Eger ykbal bizden çekmese elin.
Seň üçin ömrümi ýaşaryn aldap,
Sen maňa umyt ber ýekeje döwüm!

Enwer Nyzamow
4 лайков 152 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
02 июл 2022, 06:29
Göreris maňlaýa düwülenini

Düwülenini? "ýazylanyny" diýjek boldumyka ýa? Enwer ýaly gowy şahyryň beýle säwligi goýberjegine ynanasyň gelenok.