UZAKDA BIR AÝAL GARAŞÝAR MAŇA
Uzakda bir aýal garaşýar maňa,
Ýatlamasa, asla oňup bilenok.
Göresi gelende aglap bir pursat,
Maňa bagt dileýär, “özüm” diýenok.
Ol — gaty ynanjaň, güýz ýaly sada,
Utananok saçlarynyň agyndan.
Utanýar, özüni günäli duýup,
Meň wysal bolmadyk arzuwlarymdan.
Bar zatdan habarly, göýä, men onuň,
Aýnada gören deý, aýan elinde.
Iýende, geýende aýyryp paýym,
Akla ýuwundyrýar ýeri gelende.
Uzakda bir aýal garaşýar maňa,
Sabra ejizligin bildirmän hijem.
Ýyllaryň gözünde garalyp barýan —
Ol meniň EJEM!
✏Enwer NYZAMOW
5 комментариев