Synag güni
SYNAG GÜNI
Ikimüňünjiler.
Iýun. Talyplaň ýyllyk synag güni.
Talapkär mugallyma synag tabşyrmaly topary jemläp, söze başlady:
-Pylany, pylany dagylar, awtomat bäş. Pylany, pylany ikisine dört. Galanlary bahasyny gowulamak islese, gözel göwni. Synag petekleň her birem: “Haçan men, haýsy garamaňlaýyň alnyndan çykarkam?” diýip, hanha gerşini tüňňerdip, terse dönüp ýatyr. Indi ýöne şu taýda araňyzda biri bar,-diýip, ýaşy kyrka ýakynlaberen, garçgaý bakyş, bezemen, owadan, özüne mazaly göwni ýetýän, şoň üçin hasam haýbatly görünýän mugallyma, sesine nazym berdi:-Özi bilýändir. Meň “söýgüli talypjagaşym”! Arly ýyllap, ne idili sapaga gatnap hezil berdi. Ne ibaly jogap berip, baha toplady. Hany tur ýeriňden!
Talyp ýigdiň özi hakykatdanam bilýän ekeni.
Ýigrimiden agdyk oglan-gyz deň-duşlarynyň iň yzky hatarynda busurylyp, oturan partasy bilen bir jan bir ten bolmaga çytraşýar.
Arman, bolanok.
Näçe dogan okaşjak bolup jan çekse-de, parta ony öz süňňüne kabul etmeýär.
Dodagyny müňküldedip, bilen dogasyny ýetişibildiginden sarnaýar.
Eşidenoklar.
Belki, eşidýändirlerem-de, öňem nijeme gezek ynamy ödemän, synagdan çykan dessine beren wadasyny unudýanlardan bolansoň, indi gulak gabardýan däldirler.
“Howul bela, sowul bela! Da-a-t, Gaýtarmyş atajan! Özüň ýetiş! Şu allajydan şu gezegem aldyrman-ýoldurman alyp çyksaň, ýoluňa bir düýe!” diýişdirip, hudaýýoluna köke-sökedir, gant-pantdan başlan sadakasy düýeden geçip pile ýetip barýar.
“Är lebizden koý bogazdan” diýilýäni – äht edensoň är hökmünde sadaka aýdýan düýesini niredenem bolsa tapyp, bermeli boljakdygy ýadyna-oýuna-da düşmeýär.
“Şertim şahyma” muň edäheti. Öňem şeýdýädi. Indem şeýtjegi gümansyz.
Mugallymaň azmly buýrugy ýüz adamlyk okuw otagynda ýaňlanyp gidensoň, etjek alajy ýok.
Turdy.
Ýüzünde-de aýatda-gaýypda kime ynanýan bolsa, hemmesine ynamy-umydy puç bolanyň göwnigeçmesi eňşeýär.
Söm-saýak dymyp durmag-a gelşiksiz gördi. Üstesine-de häzir synag aljak adamyň öňünde.
Näme diýjeginem bilmedi. Şoň üçinem bir sekuntlyk oýlanmada, içinden: “Äý-ý! Bir başa bir ölüm-läý! Akylly kelle döwýänçä, akmak oglun iki öýär-laý!” diýýän ýaly, ilkinji kellesine gelen zady paýyrdadyp goýberdi.
-Salam, mollym!
Pyňk.
Ýanyndaky oturan ýeser gözli deňdeşi – her niçigem bolsa, öz gamyny öňünden iýip, bu mugallymaň sapaklaryny sypdyrman gatnan – özünden arkaýyn. Şoň üçinem pyňkyrmaga ýaraýar.
“He-e-ý-h! Kime jan gaýgy, gassaba bolsa gülki gerek, oýun gerek şumat!” diýip dik duran, umytsyz lapykeçlik bilen oýlandy-da, aýdylan janly üçin idilip barýan goýun bakyşy bilen solunda büküdip oturyşyna pyňkyran ýoldaşyna äňedip aldy.
-Ýaňyja otaga girenimizde hemmämiz bile salamlaşdyg-a, Pylanyýew!
-Uçursyz hormatlaýan adamyňa ýene bir öwran salam berseňem, günä bolmaz-laý, mollym!
Pyňk.
Dik duran soluna gazaply nazaryny aýlady.
Wah, şumat gözünde ol-a ok ekeni, meýdanda ot orulýan aňňal bolsady. Şü ýüzüni gizläp, pyňkyryp oturany bir heziller edip, kerçäp taşlasadyň!
Ol sallangy elini assyrynlyk bilen süýşürip, ýoldaşynyň böwrüne hürsekläp goýberdi.
-Bä-ä, gadyrly talyplar, görüň-ä muny-y!-diýende, mugallymaň inçemikden nepis, mazaly sünnälenen gaşlary geň galmasyrama bilen gerildi:-asyl, bu biziň Neme janymyz, maňa biçak sarpa goýup, sapagyma gatnaman, her aýky kiçi synaglara-da burnuny görkezmän, müň bahana tapyp ýören eken-ä! Şeýlemi?!
-Jykk. Ondan däl. Tersine.
Pyňk.
“Äý seňemmir...Häzir şü pyňkyldysy bilen barça oýny döwüp, ahyrsoňunda hakyky çyn ikiligi ýelmeder-laý, men maňlaýy küle çökene!”.
Ol gözilmez çaltlykda çepine alaryldy.
Arman, mugallym bar. Şu mahal, şu otagda diňe öz-özleri dagy bolaýsa, oňa aýtmalyja üç-dört agyz nemeje sözjagazlar hakyýt diliniň ujundan bökmäge häzirlendiler welin...
Wah, arman! Adalat ýok-da, ýeriň ýüzünde. Ýeri däl. Ýagdaý başga.
-Ýeri bolýa! Sen Pylanyýew, nemesiräp, öňküleň ýaly owadanja, ýitije gepjagazlar bilen meniňem başymy-gözümi aýlap, birje çalajan üçlüjek alaýjaksyň welin, bilip goý, bü saňa başartmaz! Ýöne, şonda-da men adamkärçiligiň hatyrasyna, saňa ýekeje şert goýaýyn! Ine sen arly ýyllap, meň dersimi düzüwli diňlemediň. Amaly hem söhbet sapaklarda, her bir soragy, jedelli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, çekişmelere goşulmadyň. Indem meniň saňa teklibim, sen maňa ýekeje zat geple! Diňeje ýekeje zat gürläp ber. Onsoň jomartlyk menden galsyn! Men saňa şol ölhit üçlügi dözeýin! Ýöne men çak edýän, has takygy ynanýanam, bilýänem! Sen hiç zat gepläp bilmersiň! Sebäbi bir zatlar gürlemek üçinem, nämedir bir zat bilmeli! Bol hany!
Dik duran demsalymlyk iňkise gitdi.
Pyňk.
Oň pikirlenýänsiremesine ýanyndaky ýene-de saklanyp bilmedi.
Ol özüne alarylanda-da, dodaklaryny müňk-müňk etdi. Göwnüňe bolmasa, ol: “Druk, nä kellä agram salýaň-aýt? Nä, ýa o taýda bir zat ba:dyr öýdüp dörjeleýäňmi? Gara basga galma, druk, ýok zady näçe agtar – öldür tapmarsyň!” diýip sessiz pyşyrdap goýberen ýalydy.
-Ähem, ühüm,-edip, onýança haýsam bolsa bir zatlary ýadyna salan dek, dik duran bogazyny arçap, hemmeleň ünsüni özüne çekdi. Soňam ylla bir şondan öň adam tohumy dünýä gelip, hiç kesiň eşitmedik pynhan syryny aýan etmekçi bolýan dek, agraslandy. Birdenem kükregini howadan doldurdy-da, diýdi:
-Täze ýylyňyz gutly bolsun, hormatly mollym!
Oturanlar, ilk-ä aňk-taňk boldy.
Iýun.
Tomus.
Täze ýyl küje, gutlag küje?
Ýa öňünden gutlap goýýamyka?
Birdenem, hemmesiniň aňyna ýetdi.
Okuw otagynyň içi ala-pakyrdy boldy. Gözlerini ýaşardyp, arkan-ýüzin gaýşyp gülýän, zabun mugallyma-da, gülkiň arasynda, oňa üçlük goýýandygyny zordan mälim etdi.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.