ÝAZMASY AGYR DÜŞEN GOŞGY (Çagalar öýünde işleýän nätanyş adamyň hatyndan)
Äpişgeden bakýan körpeje gözleň,
Bar umydy şu ýollarda gizlenen.
Sözler bilen aýtsam dolýar damagym,
Naçarlary görmek agyr göz bilen.
Nätanyş aýalyň sesi eşdilse,
"Şula ejem" diýşip ylgap çykýarlar.
Gaharjaň erkek bol, ýa-da mähriban,
"Kakam..." diýip, umyt bilen bakýarlar.
"Eger ejem gelse, şähere aýlar,
Kakamjan telefon äberer täze..."
Olara gyzyk däl, pasyllaň görki,
Olar mähre mätäç,
Mätaç däl ýaza.
Ýüzleri gülse-de, gyzaryp güler,
Adamyň içinde lowlasa alaw.
Ýarym garyn doýar, ýarymgöwünler,
Hepde-de birje gün bişende palaw.
Biz bolsa, iýdirip bilmän kösenýäs,
Çagamyza artyk bişen nahary.
Telefonlaryny elinden alsaň,
Derhal ýüzlerine çykýar gahary.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.