ÝAZMASY AGYR DÜŞEN GOŞGY (Çagalar öýünde işleýän nätanyş adamyñ hatyndan)

Äpişgeden bakýan körpeje gözleñ,
Bar umydy şu ýollarda gizlenen.
Sözler bilen aýtsam dolýar damagym,
Naçarlary görmek agyr göz bilen.

Nätanyş aýalyñ sesi eşdilse,
"Şula ejem" diýşip ylgap çykýarlar.
Gaharjañ erkek bol, ýa-da mähriban,
"Kakam..." diýip, umyt bilen bakýarlar.

"Eger ejem gelse, şähere aýlar,
Kakamjan telefon äberer täze..."
Olara gyzyk däl, pasyllañ görki,
Olar mähre mätäç,
Mätäç däl ýaza.

Ýüzleri gülse-de, gyzaryp güler,
Adamyñ içinde lowlasa alaw.
Ýarym garyn doýar, ýarymgöwünler,
Hepde-de birje gün bişende palaw.

Biz bolsa, iýdirip bilmän kösenýäs,
Çagamyza artyk bişen nahary.
Telefonlaryny elinden alsañ,
Derhal Ýüzlerine çykýar gahary.

Ene-ata gadry ýoklukda güýçli,
Bar zatlañ gadyryn bilmeýär ynsan.
Köşge öwürseñem ýetimler öýün,
Ejesiz, kakasyz perzende zyndan.

Ol ýere perzendin taşlap bilýänler,
Ynsanlygyn tenden üzüp gidýärler.
Iññä dözülmeýän çagajyklary,
Baky agyr ýara dözüp gidýärler.

A how, adam ölseñ kysmatyñ işi,
Dirilikde "ýetim" diýdirmäñ näme?
Bigünä perzende , zalym durmuşdan,
Sebäpsiz şarpygy iýdirmäñ näme?

"Ejem, kakam gelip äkider öýe,
Bu gün işi kändir, gelerler ertir".
Diñläp arman bilen agladýan içim:
- Öýe gitmek üçin size entek ir...

Umytly ertirler, sönen şu günler,
Aýlanyp dur çagalara ýüz bermän.
Haýyşym: duşsalar ýolda, ýodada,
Olara hiç "ýetim" diýip ýüzlenmäñ!
Awtoryny bilseniz yazayyn
16 лайков 799 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
08 ноя 2021, 14:54
Wah bilemok men-a. Ozum birinji gezek okadym. Oran ceper gosgy manyly.
Menden like
#динара.
Автор 08 ноя 2021, 15:06
Spasibo Xyivenia_babayeva.,
Maksat
08 ноя 2021, 15:19
Gözöñüme gelip gitdi çagajyklar.
Perishdejik
08 ноя 2021, 16:02
örän gowy goşgy haladym
Aýnur
08 ноя 2021, 16:29
G.Ezizow dalmika awtory
sapaly
08 ноя 2021, 18:06
Mona Songz,
yazmasy agyr dusen gosgynyny yazyara ol bu basga
wai olary oylap birhili bolup gitdimay
like
Aýnur
08 ноя 2021, 19:09
SAPALY_BEGENJOW,
Bilyan bolsan ayt men cak etdim
My life
08 ноя 2021, 21:53
Goshgy juda gowy. Gaty haladym,sheyle gowy yazylypdyr. Awtory kimka?
Telwas
08 ноя 2021, 22:21
Awtory: Kerim Hally.
My life
08 ноя 2021, 23:34
Nirvana,
Aydanyña minnetdar! Awtoryny bilesim gelipdi.
Merjenam
14 ноя 2021, 21:40
Like