Dileg...

Günler şu gün bilen gutarmaz, ýene
Şinelär lebleňde, gör, näçe şygrym.
Ýadawlyk maňlaýmy ýagjartdy, göýä,
Meň özüm-özüme artykmaç, agram.

Boluşyna görä ýaşaryn, ýene
Ýok bolup gitmerin ýeriň ýüzünden.
Hökman däl bar zada gabaryp ýörmek,
Meň uly ýalňyşym — ýüreksizligim.

Göreris maňlaýa düwülenini,
Eger ykbal bizden çekmese elin.
Seň üçin ömrümi ýaşaryn aldap,
Sen maňa umyt ber ýekeje döwüm!


Enwer Nyzamow
0 лайков 136 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bagul_Atayeva
13 июл 2022, 23:32
Aýralyk.

Düýn agşamky yhlasymy unutdym ak säher bilen,
Ýüz bersem ýüzin düşürdi ykbalymy takat-sabyr.
Seni söýen günlerimiň ezýetini çekýän indi,
Bu güýz sensiz geljek günleñ goly bagly azabydyr.

Jeýhunyñ suwy azalyp, dodagy kepän kenarlañ,
Kenarda uklan durnalar oýarmaga dözemok hiç.
Sen henizem öýkelimiñ, öz göwniboş şahyryñdan,
Güýz gündizleñ gadry ýokdur, gijeler has göze ilgiç.

Saryýagyz oktýabr, goñras ýüzli noýabr,
Galamymy çişiripdir ýatlamalañ ysyndan.
Başym çalarýar diýmesem, mañlaýym-a şol öñki,
Sary sakgal oglanlygym ýetip gelýär yzymdan.

Saña meñzeş oktýabr, maña meñzeş noýabr,
Bu göwräm peje öwürdi (belki, ykbalym şeýledir).
Çal bulutlar gözi bilen sorup güýjüm-kuwwatymy,
Meni sensiz hassa edýär howa hem asman şeýle bir.

Enwer Nyzamow
Bagul_Atayeva
13 июл 2022, 23:33
DURNALAR

Ýadaw güýz gününiň elwan säheri
Göýä ünjülerden saralyp-solup.
Hanha, uçup barýar durnalar bilen,
Alys ülkelere kiçijik bulut.

Sähram aýagyna dözmän durnalaň
Düşeýär ýoluna sary keçesin.
Durnalar ýazlaryň suratyn çekýär
Şatlyga besleýip dünýäň köçesin.

Asmanyň düýbünden barýar, durnalar,
Siz bile buludam menziller aşyp.
Belki, içiňizden eýjejik bulut
Bir owadan durna bolandyr aşyk.

Enwer Nyzamow.


Kime dostum gerek, kime dostlugym,
Kime bagtym gerek guwanar ýaly.
Halys ynananda söýýändir ynsan,
Garaşmak, dilemek söýgiň ykbaly.

Topraga meňzäýin, pespäl topraga,
Aýaklaň astynda serilsin ömrüm.
Syrdaş, dost bolaýyn, “hiç kimjik” däl-de,
Öwünmek islänler sowatsyn göwnün.

Üstümde ýaýrasyn, gülsün adamzat,
Baharda bagtyma al güller ekip.
Size sowgat etsin çagalaryňyz,
Dynç güni Güneşiň suratyn çekip.

Topraga meňzäýin asmana däl-de,
Aýagmyň astynda owralsyn ýalan.
Daglarym tupana bolsun derweze,
Baglarym – şahyryň elinde galam!

Enwer NYZAMOW.
Bagul_Atayeva
13 июл 2022, 23:33
Gijäň rahat bolsun, ukla, ezizim!
Ýadansyň.
Kepderiň ganaty ýaly
Akja elleriňi alyp elime,
Sypaýyn, ogşaýyn, goşgy ýazaýyn.
Sen ukla!
Bilýän.
Sen düýş görmegi
Juda gowy görýäň.
Şoňa,
Seň görjek düýşleriň üstüne, janym,
Dammazlygy üçin bir çümmük gije,
Örteýin ýüzüňi ýyldyzlar bilen,
Ho-ol Aý —
Saňa meňzeş saryýagyz Aý
Maňlaýyňdan birje ogşamak üçin,
Uzak gije başyňda oturýar,
Kirpiginem gyrpanok.
Sebäbi seň oýanmagyň mümkin.
Şoň üçinem ol
Ertire çenli garaşmaly bolýar.
Goý, garaşsyn.
Başga näme işi bar?!
Sen ukla.
Arkaýyn dynjyň al.
Men ýanyňda…

Enwer NYZAMOW
Mystery
Автор 13 июл 2022, 23:40
Bagul_Atayeva, Sagbol paylashanyna:)
Bagul_Atayeva
13 июл 2022, 23:43
Mystery, gowmyñ jorjinka :)
Mystery
Автор 13 июл 2022, 23:45
Bagul_Atayeva,
Gowy şükür gowumy özüňem:)
Bagul_Atayeva
13 июл 2022, 23:48
Mystery, howwa menem sen ýaly ?
Aksary
14 июл 2022, 00:20
Enweri tanaýañmy?
Mystery
Автор 15 июл 2022, 23:12
Aksary,
Yok..