Sen maňa wada beripdiň...

Sen maňa wada beripdiň
Garaşmagy-
garaşmadyň.
Göreşmegi-
Göreşmediň. Şeýdibem söýgi soňlandy,
Gam ogşadyp göreçlere.

Güýzler sary gussasyny,
Ýaprak edip gaçyrdylar.
Bagtymyň guşy öýdenim
Bilmän galdym uçurdygym.

Gyşlar sowuk tygy bilen,
Gursagyma saldy talaň.
Ara aýralyk düşensoň,
Habarsyz galdym halyňdan.

Öwrüm saldy ýollarmyza,
"Görüşmesin!" diýip pelek.
Özümi aldadym ýördüm:
"Söýen ýene söýüp biler!"
diýip, men söýgi gözledim,
(Tapdy:rmy öň tapylmadyk?!)
Gursagymda gussa bilen
Umyt galdy ýapylmadyk.

Sen hakdaky ýatlamalar,
Kän bildirdi barlygyny.
Ýitirip göz ýetirdim men
Sensiz dünýäň darlygyna...

Sen maňa wada berdiň-de,
Neçüýn yzynda durmadyň?!
Garaşmadyň, göreşmediň...
Menem duýduryp durmadym.

Ýa ýadyňdan çykypdymy,
Eý, meň bagtymdyr öýdenim?!
Dünýe deý beýik söýgini,
Soňlap bor eken beýdibem...
6 лайков 144 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
A.W
14 июл 2022, 00:41
Ýadyma düşenok obaly
Pegas
14 июл 2022, 04:38
Aşyr Hanow.
Ajap
14 июл 2022, 07:07
"Söýen ýene söýüp biler!"

Elbetde
Margarita
14 июл 2022, 15:45
Aşyr Hanowyň täsirli goşgulary bar. Galamy ötgür bolsun.