Söýgi gözledim...

Ýagşy pikirleriň bilen ýoluňy dowam etdir, bir gün saňa şeýle bir gapy açylar, saňa ýapylan gapylaryň üçin Biribara şükür edersiň...
Söýgi gözledim

Men özüme bu berilen ömürde,
Diňe söýgi, diňe söýgi gözledim.
Şatlykly günümde gaýgyly günde,
Diňe söýgi, diňe söýgi gözledim.

Tutuş süňňüm bilen uýdum päklige,
Öwrenişip bilmedim ýeke-täklige.
Şatlansalar şägirt bolup şatlyga,
Diňe söýgi, diňe söýgi gözledim.

Pikir ummanyny boýlap serlerim,
Köp zatlara düşünmedik ýerlerim.
Durabilmän aglanynda gözlerim,
Diňe söýgi, diňe söýgi gözledim.

Kä mahallar gaýgy-gussa batamda,
Gijeler çirm etmän daňym atanda.
Arzuw edip bu giň älem-jahanda,
Diňe söýgi, diňe söýgi gözledim.

Ýagşylara berdim ýüegmiň törün,
Ýamana-da goýdum ýürekde paýyn.
Hiç kime bermedim ýüregmiň ýaryn,
Diňe söýgi, diňe söýgi gözledim.

Ömür boýy mähre susap gezmişem,
Ýyly sözleriň ýesiri bolmuşam.
Tapman gelýän nirede bar ýalňyşym?
Diňe söýgi, diňe söýgi gözledim.
1 лайков 111 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
06 сен 2021, 21:50
Şuny gitarada bet aýdym edip bolýalaý