"Söýgi näme?" (Talyplar.com-dan)


Her gezek men saňa "Söýýän seni!" diýemde, sen "Hany aýt, söýgi näme?" diýen soragy berýärsiň, "nädip söýýäniňi düşündirdä" diýýärsiň. Men seniň bu sowalyňa kän wagt jogap gözledim. Dürli kitaplary okap gördüm. Deň-duşlaryma sorag berip gördüm. Ýaşy menden has ulurak adamlardan hem sorap gördüm. Hat-da filosofiýadan, psihologiýafan sapak berýän mugallymlarymdan hem maýyny tapyp soradym "söýgi näme?" diýip. Emma, geň galmaly, men söýgi hakda hiç ýerden-de, hiç kimden-de özümi kanagatlandyrýan jogaby alyp bilmedim. Şoň üçinem, men bu sowala anyk jogaby diňe öz ýüregimden gözlemekligi makul bildim. Meniň diňe "sen, sen, sen..." diýip gürsüldeýän ýürejigim maňa şu zatlary saňa aýtmaklygymy maslahat berdi: Söýgi – bu, meniň seniň bilen bileje geçiren her bir minudyma begenýänligim! Söýgi – bu, haçan-da, meniň ýüregimiň seni her gezek gören çagym ýa-da seniň sesiňi eşden çagym, doňup galýanlygy, ýa-da, tersine, gürsüldäp urup başlaýanlygy! Söýgi – bu, meniň hemme ýerde jübi telefonymy ýanymdan aýyrman, hatda ýatamda hem ony başujymda goýup ýatýanlygym. Sebäbi, men sen jaň edeňde, birdenkä, eşitmän galaýmaýyn diýip, gorkýan! Söýgi – bu, meniň sen hakda her minutda 60 sekunt däl, 61 sekunt pikir edýänligim! Söýgi – bu, meniň dünýädäki gyzlaryň içinde senden owadan gyzyň ýoklugyna ynanýanlygym! Söýgi – bu, meniň senden başga hiç bir gyzy senden owadan hasap edip bilmeýänligim! Söýgi – bu meniň uka giden halatymda- da, oýanamda-da diňe sen hakda pikir edip ýatýanlygymda we oýanýanlygymda! Söýgi – bu meniň agşam ýatamda seni göz öňüme getirip ýassygy gujaklap ýatyşym...

Köneler, Agent007 tarapyndan 10 years ago
4 лайков 220 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
Автор 05 авг 2023, 02:40
Halasyanlar satasyar yone cykdan soyyanler satasanok
Belki
05 авг 2023, 06:57
Şeýle duýgular bilen söýäýseñ...
Belki
05 авг 2023, 07:00
Owadan, howaly jümleleri aýdýan adamlaryñ aglabasy duýgysynyñ ýasamalygyny gizlemek üçin şeýdýär eken :(( Esasy zat sada sözler bilen ýa-da dymyp söýmek eken.
OrazMuhammet Aşyrow
08 авг 2023, 13:00
Men söýgimi düşündiribem başarypdym...
Azasan.?
11 сен 2023, 16:27
Mowzugynyzy suwagt okadym. Kabir adamlara soygini dusundirip bersenen senden gityaler. Yokardaky yaly soyyan adam bamyka.?
Sahedowa
15 окт 2023, 01:05
Soygi - bu soyen kisin bashgasyny soysede ony dine bagtly gormek islemegine aydylyar.
mni duygylandyrdyn sag bolun like