Gabanjaňlyk keselmi ýa-da söýgi?
Herkimiñ başyndan gabanjañlyk duýgusy geçendir, bu kiçi wagtymyz joramyzy birinden gabanmak bolup biler ýada bolmasa ene-atañy doganlaññy gabanmak ýaly gabanjañlyklar bar. Ýöne bularyñ arasynda iñ möhümi adamyny belli bir ýaşa ýetensoñ söýüp ony hiçkim bilen paýlaşyp bilmezlik gabajañlygyñ iñ uly orynda duruberýär. Söýgüliñ gabanmasy gaty gowy duýgudyr welin muny aşa etýänler hem bolýandyr aramyzda. Meselem gyzlaryñ gözü bilen seredeñde oglan gaty gabanjañ bolýar.
Aslynda köplenç aýal maşgalañ duýgularyna düşünmek kynrak bolýa gabansañ häsiýetiñ erbet diýýäler gabanmasañ söýýeñok diýip başlaýalar. Aslynda çakden geçmeseñ gabanjañlyk gowy zat adam söýülýänini bilýä meselem gyzlaryñ köpüsi söýen ýary gabansyn isleýändirler sebäbi beýle wagty söýýändigini duýýalar gaýta gaýta men seni söýýän janym sözüni eşitmek isleýärler. Egerde beýle sözleri aýtman başlasañ meni söýenokmyka ýada bolmasa başga biri bamyka diýip gyz hem ony gabandyrmak üçin elinden geleni etmek bilen bolýa.Birbiriñi gabanyp gezmek söýgüni hem artdyrýa kämahal.
Emma gabanjañlygy aşa derjelere ýetirýänler hem bolýar , bularyñ köpüsi hem erkek maşgalalar.Aşa gabanmakdan kämahal goh hem turýandyr meselem käbir erkek kişi halaşýan gyzyny şeýle bir bek saklaýa welin entäk almaka ony geýme muny geýme saçyñy beýtme ýada bolmasa daşaryk mensiz çykma ýanynda ejesi hem bolsa ynanman gohlamak bilen boluberýä. Şeýtmek näme gerek bu hakykatdan hem söýüp gabanmakmy ýada bolmasa ynamsyzlykdanmy? Gepletseñem ýok men saña ynanýan diýýäler onda bu gabanjañlyk keselmi?
Toý etmäkä şeýle berk saklap sözüni geçirjek bolup herhili oýun tuzurýan bolsa toy edensoñ nähili saklarka? Köp duş gelyän, gelin edip alansoñ hiçýerik çykarman saklap ýada çyksada ýanynda birini ugradyp şeýle ynamsyzlyklar ýada bolmasa biderek gabanjanlyklar nämä gerek.Şoñ üstünde urş turup maşgalasy agzala bolýan ýaşlar hem bar.Aşa gabanjañlygyndan çydap bilmän atasy öýüne gaýtýan gelinlerem bolýar. Şeýdip maşgalañy agzala etmek nämä gerek? Etjek bolsa sen näçe gysyp sakalasañam şondada etýär emma welin ynanyp saklasañ has wepaly gezýär. Bu adamyñ tebigatynda bar. Birzady etme diýilse ýada näçe gysyp saklasañ adam şonça edesi gelýär.
Şeýle hem sen gyz bolan bolsadyñ özüñe nähili hereket edilmegini islärdiñ ilki şo soragy soralyñ eger hakykatdan hem özümüzde şol jogaby tapan wagtymyz sizem garşyñyzdaky zenan maşgala has mylakatly gararsyñyz. Ýokarda hem belläp geçişim ýaly gabanmak duýgusy gowy zat söýülýäniñ bilinýä emma muny keselderejesine getirseñ ynha agzalalyk şol ýerde başlar.Belki bu makaladan soñ gabanjañ yigitlerimiz otyryp eden ýalñyşyna düşünerler diýip umyt etýän.
SİZİN BAŞYNYZDAN ŞEÝLE WAKALAR GEÇDİMİ ÖZÜNİZİ ŞONDA NÄHİLİ ALYP BARARDYNYZ?

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.