Sen "Soygi" diyilse nama dusunyan?!.

Sen «Söýgi» diýilse, nämä düşünýäň?!
Şeýle bir bilesim gelýär pikriňi.
Men üçin-ä söýgi — seniň gözleriň,
Söýgi — seniň şol gözleriň kirpigi.

Söýgi — seniň aýaklaryň ädimi.
Söýgi — seniň gol uzadyp durmagyň.
Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm,
Gelip, öz kalbymda dünýä gurmagyň.

Söýgi — seniň oýa batyp oturşyň.
Söýgi — seniň aýdýan, aýtjak sözleňem.
Men «söýgi» diýdim-de, saňa düşündim,
Mümkin, muny geň görýändir özgeler.

Mümkin, olar öz ýanyndan «Söýgi has
beýik ahyr!» diýýändirler,
ähtimal...
Ýöne, menem peseldemok söýgini,
Sen söýgi dek beýge galdyň, mähriban!
4 лайков 141 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
10 июл 2023, 06:53
Goşgulaň awtorlarynyň zähmedine hormat goýalyň. Ýazalyň atlaryny.
ýüreksözi
Автор 10 июл 2023, 18:51
Pegas,
Ady menem alan cesmamde yok ekenda bolmasa yazardym
Mary Maryýew
15 июл 2023, 23:57
Gowy goşgy bolupdyr. Galamňyzyň ujy kütelmesin.
Eger birini söýseň ony ýüregiňde ýaşatýaň onuň üçin janyňyda bermänede razy bolýaň. Ýöne hakyky söýgiň bardygyna ynanyp bilemok.
Милая
29 ноя 2023, 00:11
Soygi bu mekdep dowri oyunjak bolyar.hic ynanyp bolanok.yalan.
Ay adamy soyup peyda yok.
Soyga hic ynanamok
Милая
29 ноя 2023, 00:11
Oran govy gosgy?
Милая
29 ноя 2023, 00:11
Oran govy gosgy?