SEŇ ADYŇ DAKYLAN SÖÝGI
Sen gitdiň, galdy ýürekde
Seň adyň dakylan söýgi.
Ýakymly zatdy ýüpekden
Seň adyň dakylan söýgi.
Iki ýyl geçdi tegelek,
Ýürek bor bir gün kebelek,
Henizem edýär ot-elek
Seň adyň dakylan söýgi.
Ömür ölçegli berilýär,
Ýürek sen diýip urunýar,
Maňa sen bolup görünýär
Seň adyň dakylan söýgi.
Ýürege jüňkdi nä diýse,
Mynasyp sözdi hadysa,
Bolupdy uly ha:dysa
Seň adyň dakylan söýgi.
Söýgi bizmi, gelmişekmi?
Bar onda adamyň şekli,
Menem yşka meňzeş etdi
Seň adyň dakylan söýgi.
Italmaz AKMYRADOW
Seň adyň dakylan söýgi.
Ýakymly zatdy ýüpekden
Seň adyň dakylan söýgi.
Iki ýyl geçdi tegelek,
Ýürek bor bir gün kebelek,
Henizem edýär ot-elek
Seň adyň dakylan söýgi.
Ömür ölçegli berilýär,
Ýürek sen diýip urunýar,
Maňa sen bolup görünýär
Seň adyň dakylan söýgi.
Ýürege jüňkdi nä diýse,
Mynasyp sözdi hadysa,
Bolupdy uly ha:dysa
Seň adyň dakylan söýgi.
Söýgi bizmi, gelmişekmi?
Bar onda adamyň şekli,
Menem yşka meňzeş etdi
Seň adyň dakylan söýgi.
Italmaz AKMYRADOW
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.