Adyň , ýüreklerde aýdym Aşgabat

Adyň, ýüreklerde aýdym Aşgabat.

("Adyň , ýüreklerde aýdym Aşgabat " atly bäsleşige )

Dünýä doldy adyň,
Eý göwün şadym!
Adyň , ýüreklerde aýdym Aşgabat .
Gowşamasyn badyň,artsyn şöhratyň.
Adyň , ýüreklerde aýdym Aşgabat .

Seň ornuňy tutup bilmez başga zat.
Goýnuňda gaýgy ýat, şadyýan biz şat.
Sende dünýäm abat, söýgi yşk abat.
Adyň , ýüreklerde aýdym Aşgabat .

Waspyňy sözlesem ajap heň bilen.
Gür baglygyň , gülzarlyga deň gelen.
Şadyýan günlerim geçdi seň bilen .
Adyň , ýüreklerde aýdym Aşgabat .

Her gün säher , azan sesin eşdemde .
"Joşup geçsem"diýýän mydam yşgyňda.
Ýaşlaň bagty açylýar , bagt köşgünde.
Adyň , ýüreklerde aýdym Aşgabat .

Aklyga beslenen aýdyň şäherim.
Sensiz sowulmajak , baky baharym.
Waspyň ýazdym bu gün ýene ýazaryn.
Adyň , ýüreklerde aýdym Aşgabat .

Gerçeknazar Amannazarow .

(16.03.2023)
3 лайков 234 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
18 мар 2023, 16:54
Dubaýda ýaşaýanlar okasa nastrenýesi duşeraý "näme üçin Aşgabatda dogulmadyk'kak" diýip. Gözi gider Aşgabatda propisinni ýaşaýanlara
Гость
18 мар 2023, 16:55
"Arkadag" şäheri barada-da goşgy düzmek planyň barmy ýa doly açylarna garaşjakmy?
Perman Izakow
18 мар 2023, 17:01
Гость
Dubaýda ýaşaýanlar okasa nastrenýesi duşeraý "näme üçin Aşgabatda dogulmadyk'kak" diýip. Gözi gider Aşgabatda propisinni ýaşaýanlara

???
Soho
18 мар 2023, 17:33
onler diyyadim Ashgabat - gerek dal bashga zat, indi bolsa mashgalam - gerek dal ashgabat... (Syke Dali)
Belki
18 мар 2023, 18:01
Haýsy bäsleşik bul?
Gerceknazar
Автор 18 мар 2023, 18:07
Belki
Haýsy bäsleşik bul?

Ber ka rar döw le tiň tä ze eý ýa my nyň Gal ky ny şy döw rü niň Ar ka dag Ser dar ly bag ty ýar ýaş lar ýy lyn da Aş ga bat şä he ri niň gü ni my na sy bet li «Aş ga bat» ga ze ti niň re dak si ýa sy , Aş ga bat şä her hä kim li gi , Türk me nis ta nyň De mok ra tik par ti ýa sy , Türk me nis ta nyň Mag tym gu ly adyn da ky Ýaş lar gu ra ma sy nyň Aş ga bat şä her ko mi te ti bi le lik de «Adyň ýü rek ler de aý dym, Aş ga bat!» at ly gö zel paý tag ty my zy wasp ed ýän iň go wy ma ka la la ryň, goş gu la ryň hem­de ak şä he ri mi ziň tä sin li ge baý, bi na gär lik taý dan kä mil kün jek le rin den dü şü ri len fo to su rat la ryň dö re di ji lik bäs le şi gini YG LAN ED ÝÄ
Gerceknazar
Автор 18 мар 2023, 18:52
Гость
Dubaýda ýaşaýanlar okasa nastrenýesi duşeraý "näme üçin Aşgabatda dogulmadyk'kak" diýip. Gözi gider Aşgabatda propisinni ýaşaýanlara

Bäh nätdiňeý şeýdäýermikä?
Gerceknazar
Автор 18 мар 2023, 18:53
Гость
"Arkadag" şäheri barada-da goşgy düzmek planyň barmy ýa doly açylarna garaşjakmy?

Aýtjak däl
Belki
18 мар 2023, 19:23
Haçana çenli hödürlemeli? Şol bäsleşigiñ düzgünnamasyny paýlaşaý dolulygyna. Başga-da bäsleşikler barmy?
Gerceknazar
Автор 18 мар 2023, 19:31
Belki
Haçana çenli hödürlemeli? Şol bäsleşigiñ düzgünnamasyny paýlaşaý dolulygyna. Başga-da bäsleşikler barmy?

Bäsleşige paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan islendik ýaşdaky ildeşlerimiz, döredijilik işgärleri gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň baş maksady mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şäher gurluşyk-binagärlik maksatnama sy nyň dur mu şa ge çi-ril me gi niň ne ti je sin de ak şä he ri miz Aş ga ba dyň bi na gär-lik, gö zel lik, eko lo gi k aba dan çy lyk, ýa şa ýyş üçin dö re di len kö pu gur ly şert le ri taý dan ýe ten be ýik sep git le ri ni, ösüş-le ri ni, tä sin keş bi ni, hal ky my zyň mäh ri ban paý tag ty my za bo lan be lent söý gü si ni, buý san jy ny my na syp şöh le len-dir ýän, giň den be ýan ed ýän iň go wy eser le ri, fo to su rat-la ry hal ky my za ýe tir mek den yba rat dyr. Bäs le şi ge hö dür-len ýän ma ka la la ryň, goş gu la ryň möç be ri 2 ka gyz dan uly bol ma ly däl. Dö re di ji lik eser le ri ozal baş ga ga zet dir žur nal lar da, dür li ne şir ler de çap edil me dik bol ma ly. Hö-dür len ýän eser ler «Adyň ýü rek ler de aý dym, Aş ga bat!» at ly bäs le şi ge di ýen ýaz gy bi len «Aş ga bat» ga ze ti niň re-dak si ýa sy na şu ýy lyň maý aýy nyň 20-si ne çen li gow şu ryl-ma ly dyr. Bäs le şi ge hö dür le nen ma ka la la ryň, goş gu la ryň hem-de fo to su rat la ryň iň go wu la ry «Aş ga bat» ga ze tin de çap edi ler. Bäs le şik Aş ga ba dyň gü ni my na sy bet li da ba-ra ly ýag daý da jem le ni ler. Ýö ri te dö re di len emin ler to pa ry ta ra pyn dan eser le riň iň go wu la ry saý la nyp al nar. Ýe ňi ji ler gym mat ba ha ly sow gat lar bi len sy lag la ny lar.Ha bar laş mak üçin te le fon bel gi

Gazetdan kopýalap goýdym. Düzetmäne ýaltandym.
Gerceknazar
Автор 18 мар 2023, 19:34
Belki
Haçana çenli hödürlemeli? Şol bäsleşigiñ düzgünnamasyny paýlaşaý dolulygyna. Başga-da bäsleşikler barmy?

Başgada bäsleşikler kän gazet-žurnallarda . Men şu salgydan gözläp tapýan.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/13/articles?category=29
Gerceknazar
Автор 18 мар 2023, 19:46
Belki,
Aşakdaky gazetlerde döredijilik bäsleşigi geçirilýär.

Aşgabat gazeti (02.03.2023) çykan sanynda bar

Watan gazeti (31.01.2023) çykan sanynda bar

Maru-şahu jahan (23.02.2023) çykan sanynda bar

Menä öz ýazan goşgylarymy şol gazetlere ugradyp bilemok . Ugradyp bilseňiz maňada kömek edäýiň.
Belki
18 мар 2023, 19:55
Ugratmaly adresini ýazmansyñyz.
Beýleki gazetlere näm çün ugradyp bileñizok? Poçtañyz ýokmy ýa?
Gerceknazar
Автор 18 мар 2023, 20:05
Belki
Ugratmaly adresini ýazmansyñyz.
Beýleki gazetlere näm çün ugradyp bileñizok? Poçtañyz ýokmy ýa?

gerceknazar97@gmail.com e-poctam . Şol gazetleriň e-poçtalaryna ugratdym ýöne jogap gelenok
Belki
18 мар 2023, 20:38
Olar size jogap ýazmazlar. Ýöne özüñiz tel.belgilerine jañ edip "bardymy?" diýip soramaly.
Aşgabat gazetindäki bäsleşik üçin ugratmaly salgyny ýazaýyñ.
Gerceknazar
Автор 18 мар 2023, 20:50
Belki,
Şol gazetleriň aşaklarynda barlaý salgylaram. metbugat.gov.tm saýtyndan ýükläp alyp bolýar.

Damaşny nomerlerini goýýarlar. Jaň etseňem alanoklar . Nädip habarlaşjak onsaň. Ýöne şu "Garagum" žurnaly bilen e-poçta arkaly habarlaşyp goşgylarymy ugradýan.
Retro
Retro
18 мар 2023, 21:16
Гость
"Arkadag" şäheri barada-da goşgy düzmek planyň barmy ýa doly açylarna garaşjakmy?

Гость,
?Hahaha