Sümer Daş plita ýazgylary (1-njy Plita) /-8 dowamy/

ATMOSFERANY HALAS ETMEKLIGIŇ ÇÄRESI TAPYLÝAR. ALTYN TOZGAJYKLARY.






Da.Uru köşgüň girelgesinde bir nätanyş çaga tapdy; ony ogly hökmünde gujaklady. Soňunda Du.Uru hem ony perzent ýerine goýdy. Ony kanuny mirasdüşer edip belledi, adyna Lahma diýip goýdy; ''Gurulyk'' diýen manyny berýär.
Köşkde şazadalaryň ahy-nalasy eşidilýändi. Soňra Lahma tagta çykdy, Anyň tohumyndan däldi, ýöne sekizinji patyşady. Ylymdarlaryň mejlisinde deşigi gowlamak üçin iki sany çäre bardy: ilkinjisi altyn gerekdi, ikinjisi magdan gerekdi. Nibirunyň üstünde beýle zatlar gaty azdy. Döwülen bilezigiň (Marsdan soňky Asteroid guşagy) iç kysmynda bolsa diýseň kändi...
Inçe tozga halyna gelýänçä döwülýän ownuk madda şoldy. Asman beýikligine çenli galdyrylsa howada durýar. Şeýdip bu asman deşigi wagtal-wagtal atmosferanyň ýerini doldurar. Gök diregleri gurulmaly, asmanawy altyny Nibiru (planeta) getirmeli! Galanyndan bolsa Ot açyjy ýaraglary ýasamaly - diýýärdiler. Ýeri sarsdyryp, daglary böleklere böljek ýaraglar.
Wulkanly daglary gozgalyň, şeýtsek partlamalary artdyryp atmosfera döredeliň, atmosfera deşigi özünden ýapylar.
Lahma belli bir karara gelerden ejizdi. Haýsysynyň diýenine gulak gabartmaly? Nibiru bir aýlawyny tamamlady, Nibiru ikinji aýlawyna dowam edýärdi. Ekerançylyk ýerlerdäki bela-beter azalmady. Wulkanlaryň atylyp çykmagy atmosferany düzetmedi. Üçünji aýlaw geçdi, dördünjä gadam basdy. Altyn integem tapylanokdy. Etrapda agzybirlik bozuldy; birek-biregi kötekleýärdiler. Köşge alymlar häli-şindi geler-gider durardy. Soýuzdaşlar bir daşary, birem içere girip karar tapanokdylar.
Patyşa olaryň sözlerine gulak asmady; ol diňe Lahama atly heleýiniň sözünden çykanokdy.




LAHMA IŞLERI TÄLEÝDEN GÖRÝÄR, AÝAK-DIREMELER KÖPELÝÄR, GOZGALAŇ BAŞLAÝAR




Ýazgyt şular ýaly bolsa (çäresi ýok) diýýärdi aýaly. Hemme zadyň BEÝIK ÝARADYJYSYNA ýalbaralyň. Ýeke-täk umydymyz bar, olam ýalbaryp-ýakarmak, boşuna oturmak däl!
Köşkde şazadalaryň arasynda düşünişmezlikler bardy, günäni hökümdara atýardylar. Hötdesinden gelmäge derek, gaýtam uly peläkete ýol açýardy, düşünmän! Öňki gizlenen ýerden çykaryldy ýaraglar; iň köp gürrüňi edilen zat hem gozgalaňdy!
Ýaraga ilkinji ýapyşan hem köşkdäki bir şazadady. Wadalar berip beýleki şazadalary hem öz tarapyna çekdi; onuň ady Alaludy. Lahma patyşa bolmasyn indi diýip gygyrdy. Geliň patyşany ynamdan gaçyralyň öz mekanynda! Tagtdan çekiler ýaly edeliň! Şazadalar onuň sözlerine gulak asyp köşgüň gapysyna tarap ylgaşlap hüjüme geçdiler.
Tagtyň durýan otagyna, onuň gadagan edilen girelgesine üýşüp, kürsäp girdiler. Patyşa köşgüň üçegine tarap zordan özüni atdy. Alalu onuň yzyna düşdi. Üçekde bir bölek söweş başlady we Lahma ýokardan gaçyp öldi. ''Lahma ýok indi'' diýip gygyrdy Alalu.
Keýpihon we şadyýan ýagdaýda jar etdi; patyşa öldi! Tagt ýerine ylgap bardy-da tagtda oturdy. Tagt öz haky dälem, ýa mejlis karary bolmazdan öz-özüni patyşa diiýip yglan etdi.
Ýurtda öňküsi ýaly agzybirlik ýokdy. Köp kişi Lahmanyň ölenine begense, käbirleri Alalunyň bu eden zatlaryndan närazy boldylar.





Zekeriya Siçin...
2 лайков 97 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.