Sümer Daş plita ýazgylary (1-njy Plita) /-7 dowamy/

ÝER ŞARYNA SYÝAHAT WE NIBIRUNYŇ ATMOSFERASY GÜN-GÜNDEN ZYÝAN ÇEKÝÄR




Nähili atmosfera eýe bolandyklary gözegçilikde saklanyp Älem ulaglary bilen derňeldi. Gözlegler akyllara durgunlyk berdi, syýahat akly bulaşdyrdy. Aýlawdan aýlawa Nibirunyň Atmosferasyndaky näsazlyk has beter erbetleşdi. Alymlaryň mejlislerinde muň hötdesinden gelmäge çäre gözlendi, belli karara gelip bilmediler, (Nibirunyň) atmosferasyny howsala bilen gözden geçirildi...
Planetany gurşap aljak täze galkany döretmäge girişildi; ýokaryk uçurylanlaryň hemmesi aşak indi. Alymlaryň mejlislerinde, atylan wulkanlar barlanyldy.
Çogup çykan wulkanlaryň bugy az hem bolsa peýda edýärdi. Atmosferanyň deşigi bolsa şol buglaryň inçelmegi bilen peýda bolupdy. ''Wulkanlaryň täzeden çogup çykmagyny ýola goýaýlyň'' - diýýärdi bir topar alym.
Ýöne munuň nähili amala aşyrylmalydygyny hökümdara aýdylmady. En.Şaryň soltanlygy wagtynda asmandaky gädik has hem ulalypdy.
Ýagyş-ýagmyr ýagmady; howa has agyr ösdi. Ýerden çykýan suwlar çuňlukdan çogup çykmady. Topraklara nälet okalan ýalydy; ene göwüslerinden süýt akmaz boldy. Köşkde asudalyk ýokdy; nälet ol ýerlerede hökümini ýöretdi. En.Şar ilkinji hanym hökmünde özüne Tohumyň kanunynyň emri boýunça ene başga gyz doganyny saýlap seçdi. Oňa Nin.Şar diýidiler. Şarlaryň hanymy. Ondan ogul bolmady. Bir gyrnakdan En.Şaryň ogly boldy. Şol hem birinji ogludy. Ilkinji aýalyndan we ene başga gyş jigsi Nin.Şar dagylardan ogul dünýä gelmedi. Kanuna görä gyrnagyň ogly tagta çykdy, hökümdarlygyň ýedinji patyşasydy. Hökümdarlyk lakamy Du.Urudy. Öýünde gaýnap-bişen diýen manyny aňladýar. Onuň tohumy Gyrnaklar öýünde amala aşyrylypdy. Du.Uru özüne aýal hökmünde ýaşlygyndan bäri halaşan bir gyzy aldy. Ilkinji hanymlygy sebäpli däl, yşka beslenip saýlanyp alnandygy üçindi. Patyşalykdaky lakamy Da.Uru. ''Ýanymdaky Aýal'' diýen manyda. Köşkde akyllar gaty bulaşdy. Ogullar mirasdüşer, aýallar ene başga gyz jigi däldi, ülkede gam-gussa köpeldi, ekin bereketini unutdy, halk arasynda çaga dogurmaklyk azaldy. Köşkde bereket ýokdy, ne ogul ne gyz dogýardy. Anyň tohumyndan bolan ýedi hökümdar gelip geçipdir, soň bolsa onuň tagtdaky nesilşalygy kesilipdi.



SÜMER DAŞ PLITA ÝAZGYLARY

Zekeriya Sitjin

Terjime eden: @Jeksparro
1 лайков 67 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.