Sümer Plita ýazgylary (4-nji plita)

4 PLITA ÝAZGYSY

Ugradylan sözler Nibiru planetasyna bardy. Nibiru planetasyndakylar olaryň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Abgal ulagy usullyk bilen dolandyrýardy; Kingunyň, ýagny Aýyň daşyndan bir aýlaw edip onuň sypdyrma güýjünden tizligi aldy. Müň lig, on müň lig bilen ugruny Lahmuwa (Mars) öwürdi. Onuň sypdyryş güýji bilen Nibiruwa tarap ýola düşdi.
Lahmunyň aňyrsynda Döwülen bilezik ?Asteroid guşagy) ýyldyrap aýlanýardy. Abgal usullyk bilen Eanyň beren kristallaryna seretdi we ýoluň açyklygyny tapdy. Täleý onuň ýüzüne gülüp bakdy. Bilezigiň aňyrsyna geçeninde ulag Nibirudan gelýän yşaratlary aldy. Ýol öýüne tarap alyp barýar.
Ileride garaňkylykda Nibirunyň gyrmyzy ýagtylygy göründi. Ulag yşyga tarap barýardy.
Nibirunyň daşynda üç gezek aýlanyp onuň dartyş güýjinden peýdalanyp ýuwaşlady. Abgal Planeta golaýlaşanda atmosferadaky gädigi mese-mälim gördi.
Getiren altyny hakynda pikir edende onuň ýüregi daraldy. Atmosferanyň galyňlygyndan geçeninden soň ulag gyzgynlyga takat getirmedi.
Abgal usullyk bilen ulagyň ganatlaryny ýaýdy.
Aňyrrakda ulaglaryň saklanýan ýeri görünýärdi.
Abgal ulagy yşyklary ýanan ýere tarap indirdi. Ulagyň gapagyny açdy welin onuň daşyna mähelle bary üýşüpdir.

ANU ABGALY GARŞYLAÝAR, ALTYN TOZGAJYKLARY PEÝDA EDÝÄR

Anu onuň ýanyna gelip garşylap mertebeli sözler aýtdy. Gahrymanlar ulaga tarap ylgadylar. Altynly sebetleri daşadylar.
Sebetlerini kelleleriniň üstünde goýup alyp çykdylar. Anu ol ýerde üýşen mähellä ýeňiş sözlerini aýtdy. ''Indi biz halas bolduk'' diýýärdi.
Abgalyň ýanynda köşge çenli ýol boýy ýoldaşlyk etdiler. Dynç alanyndan soň başdan geçirenlerini gürrüň berer ýaly ony ugratdylar. Alymlar gözüňi gamaşdyryp barýan altyny tozgalara öwrüp asmana tarap (Atmosferanyň gädik deşik ýerine) uçurmaga taýynlyk gördüler. (Bu günki atmosferadaky inçelen azon gatlagyny altyn tozgalary bilen berkidip bolýar).
Onuň işi uzaga çekdi, wakalar bir şar dowam etdi. Roketalar bilen ýokarlygyna ugradyldy tozgalar. Kristallaryň ýagtylygy bilen sepelendi. Gädigiň deşik ýeri gowlaşyp başlady.
Köşkdäkileriň şähdi açylyp olar peýwagtynady. Anu gowy habary Ýere ýollady. Altyn bizi ölümden alyp galdy. Altyn ýene gerek bolar diýdi.

(dowamy bar)

Zekeriýa SEJIN

Terjime eden: @Jeksparro
1 лайков 52 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.