Ýatsakda görýäris täsin düýşleri

Ýatsakda görýäris täsin düýşleri,
Ony ýazyp alsaň bor syrly kitap.
Käte ýada düşmez onuň hiç ýeri,
Käşgä şol düýşleri bolsady okap.

Ýadyma düşenni ýazýaryn käte ,
Depderim ol syrly sözlerden dolýar .
Ýazýan ýene ýazýan ,sowaýar käse ,
Bolmanda gyzykly hekaýa bolýar .

Ondan soňra huşum düýşe garyşýar .
Gör-ä köp zatlary görýän düýşümde .
Edil bolan wagty ýadyma düşýär,
Şol düýşlerim gaýtalanýar huşumda .

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
1 лайков 74 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.