Roman ýazyp bolarmy ?

Goşgy ýazýan kän ýöne, roman ýazýan azalýar .
Şunça kelle agyrdyp roman ýazyp bolarmy ?
Hiç gazanjyň bolmasa , begenjiňem az bolýar.
Gara saçyň agardyp roman ýazyp bolarmy ?

Özüm tanalman geçeýin tanalsa eserlerim,
Tekepbirlikden gaçaýyn halansa eserlerim,
Jan watanym belent bolsa menem hiç peselmerin ,
Watanmy beýgeltmek üçin roman ýazyp bolarmy ?

Ýene oglan howlugýar tudanasy bişmedik.
Ýyllar ýel deý geçip dur, ýazybam ýetişmedik.
"Öý,maşgala,eklenç..."diýip uzakly gün işledik
Şol işleriň daşyndan roman ýazyp bolarmy ?

Bilýän roman ýazmak üçin gerekdir kän okamak
Irden gidýäň, agşam gelýäň, onsaň neneň okajak?
Taryhy eser ýazsadym iň bolmanda ýekeje
Ýazanlaryň okalmasa roman ýazyp bolarmy ?

(22.05.2023)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
2 лайков 230 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Goklors
22 май 2023, 18:55
Biziň roman diýip ýörenlerimiziň köpüsi romanjan.
Goklors
22 май 2023, 19:02
Roman ýazmak üçin baý material, sabyr-takat,, irginsiz zähmet , söz çeperçilik baý bolan zehin gerek .
Goklors
22 май 2023, 19:04
hem awtor hasam höweslener ýaly galam haky gerek .
Goklors
22 май 2023, 19:09
Dünýä belli ýazyjylar hem ömrüni ýazyp pozup geçirenem bolsa , 2, 3 romany şowly çykan.
Edepli Gödek
22 май 2023, 20:44
Galam hakyny meñ islegimdäki ýaly töleseler çöwürip ýazardym men-ä romany???
murat yousef
22 май 2023, 21:11
Goklors
hem awtor hasam höweslener ýaly galam haky gerek .

Şuna dos dogry bellediň, her kim iň oňat görýen pişesinden nan iýse nahili gowy boljak...!
Sapar aga
22 май 2023, 21:36
Edil duynjek oran gyzykly bir romany okap gutardym. Umuman roman yazmak we okamak oran gowy zatlar, roman okamak adama dync beryar, dync aldyryar. Taryh, filosofiya, psihologiya, biologiya yaly zatlary okanda kellane bir zatlar giryar we olary yadynda saklamaly, yazyp pozmaly, eyleki kitaplar bn denesdirip gormeli, gaytalamaly, bu ishlerem oran kelle agyrdyjy zatlar. Roman bolsa beyle dal, hem janygyp gyzyklanyan, howes doredyar, akyp gidyar.
Men roman yazyp pup gazanmarsyn diyip pikir edemok, bizdede gyzyklanyp okayan okyjylar kop. Yone shuny bilmeli, reklama edishin, medialardaky aftoritedin, adamlary ozune cekip bilsin oran we oran mohum. Imoda nace adamyn bar, 5000 adamyn barmy azyndan, bulary guymap bilyanmi. Reklama edende ony gorkezjek adamyn bolmaly, hemde oran kop. Gyzyklandyrsan hokman pul berip alarlar.
Yene shunam bilmeli, yazyan zatlaryn mowridi gecen peydasyz zatlar bolmaly dal, dilin agyr bolmaly dal okanda akyp gecmeli we okanda gyzyklanma doretmeli "bah bu sheyle boldy ol nahili bolarka" dp okyjy kitap bilen gurlesmeli, ozi bn gurlesmeli. Meselem meshur roman Osman Odan eseri Altynjan hatyna seretsen shok boljagyn kabir yerleri bardyr (meselem Altynjanyn yanyna ilkinji gelen Seljukly iki sany kishini oldurmegi we romanyn sonlarynda Altynjanyn yzyndan oldurlenlerin bir ogly gelip Altynjany oldurjek bolmagy) shonda okyjy "haaa, bulam beyle ekenov" diyyar. Yone bu zatlaryn hemmesini etmek basartmaymasa basartsa pul gazanjagynyz malim (hemde oran kop)
Gerceknazar
Автор 22 май 2023, 22:26
Ahtopot,
gönümden gelsem men-ä imo kän giremok. Diňe zerur wagty girip çykýan. Pul hijem welin esasy gowy eserleri okamana wagtym az bolýar , gündelik işlerden ýaňa. Başda hyýaly romandan başlaýmasak , taryhdan bilýän zadym ýok . Öz durmuşyňdaky wakalary beýan edýän roman ýazsaňam BIRHILI bolýar. Saparmyrat Türkmenbaşy barada roman ýazsam syýasatymyza garşy gitdigim bolarmyka? Umyman iň zerur zatlary , hakykaty, durmuşda bolan wakalary , anyk subutnamalara daýanýan taryhy roman epopeýalary ýazasym gelýär.
Sapar aga
23 май 2023, 01:42
Gerceknazar,
Men pikirince taryh barada roman yazma netijede yaslarmyz taryha yapysyp yatanoklar, shu gunki gune gora teswirlanler one cykyandyr meselem shuwagt adamlar has gyzykly, icinde ozleri bilen baglanysykly we dowre gora zatlary halayarlar, bizem dowre gora bolmaly. Sol sebapli oran ceper dilde yazylan bir waka, hekaya, olardada dartgynly yagdaylar, cekelesikli hadysalar we s.m zatlary yazsan bolar. Galanam ozune bagly roman yazmak ansat ahyryn munlerce ideya bar, yone ylma degisli roman yazmak kan tutmazmyka dp pikir edyan
Gerceknazar
Автор 23 май 2023, 15:52
Onda hakyky durmuş bilen baglanşykly roman ýazyp başlajak nesip bolsa .
kesirkelle
26 май 2023, 11:26
Moda zatlar hakda ýazsañ bahym moda modadan gaçandan romanyñam modadan gaçar:)

 _Bayat  off № 522 мая 2023 20:44

Galam hakyny meñ islegimdäki ýaly töleseler çöwürip ýazardym men-ä romanyߤӰߤѰߤѼ/div>Jogap    

aýtma, çöwrülgini duzuw edibem yazardym menna:) (dogryda walla, biziñ namemiz kemmiş, şol kör Saramagodan, Kafkadan, haýsydyr bir mugallymjyk Tolkienden, Dan Brownjykdan, kim o Potteriñ ýazarjygy we.s.m)
Gerceknazar
Автор 29 май 2023, 20:54
Onda näme üçin ýazaňyzok?