Ýalňyşlyk.

"Iki dagyň" ortasynda guwanyp,
Kiçijek adamyň ýylgyrşyn gördüm.
Beýlede şo-ol guwanja seredip,
Ejiz "serçäň" üşäp ýygrylşyn gördüm.

"Goşa dagly" geçip gitdi deňinden,
Iýýän buzgaýmagyn oňa güjeňläp.
Bu ahwaly synlap ýygryldy hasam,
Ejiz "serçe" iki esse ejizläp.

Bir çete ylgady, barybam çökdi,
Monjuk gözden hünji bary döküldi.
Ykbalyň bir gezek büken göwüni
Ynha, bu gün ýene bir gez büküldi.

Şemal rehim edip onuň halyna,
Alnyn sypap bir emaýy öwüsdi.
Ýöne şemal ene ýa-da ata däl,
Onda bolsa şol mähirler kemisdi.

"Oglum!" diýen söze aýňaldy oglan.
"Bihabar uzaga çykmagyn!" diýdi.
"Sen meniň balamdan galan ýadygär,
sen bir meň göwnüm ýykma ogul!" diýdi.

Ýitiren agtygyn tapyndy goja,
Göz ýaşyn syýyrdy, sypady başyn:
"Maňa indi seniň yzyň çaramak
eýgerdenok, basýar gün-günden ýaşym".

"Serçejigiň" "bürgüt" çykmak hyýaly,
Asmanda ganatlap uçar ol erkin.
Buýsanç bilen gök asmana sereder,
"Kakaň uçýardy" diýp, aýdanda herkim...

Erteki deý gürrüň berýärdi goja,
Ýalňyz balasynyň uçuşy hakda.
Käte-de gazapdan paýyn bererdi,
Agtygnyň soragy çykaýsa çakdan.

Çaga göwni atasyny küýsände,
"Kakam nirde?!" ylgap gelip sorardy.
Şonda goja bir aýylganç dymar-da,
"Uçup ýör... uçup ýör..." diýip samrardy.

"Kakaly" gürrüňden ganmaýardy ol,
Sebäp "öldi" diýip aýtmandy kimse.
"Kakam gelýä" diýip buşlaýardy ol
Bir ýerlerden uçar sesi eşdilse...

Näm üçin ejesin soramandyr hiç,
Göwni küýsemänmi eziz "Käbesin?"
Wah, "öldi" diýlensoň sorap näme etjek,
Ýogsam onuň diriligin nä bilsin?!

Hawa, "öldi" diýlip, ýapyldy gürrüň,
Eýsem hakykaty diýip biljekmiň?!
"Kakaň üçi güni, ol, seni goýup,
Özge äre gaçyp gitdi diýjekmiň?!..

Bu gün oglan kakasynyň kesbini
Ele alyp belentlerde gezip ýör.
Häli-şindi gök asmana galanda,
Ol kakasyn bulutlardan gözläp ýör...

2022ý.
Edepli Gödek
3 лайков 100 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.