Pursat

Ýolagçysy boldum ýolda taşlanyň
Şowsuz soňlanyldy, şowly başlanym
"Dünýämden git!" diýip,
buýran "hoş gal"-yň
Hemmäni buýurar, buýurmaz meni.

Gaýgyrman etsem-de elimde baryn,
Aýralyk ýürege möhürlär dagyn.
Içinden çykarmak islänje aňyň,
Hemmäni aýyrar, aýyrmaz meni.

Birmeňzeş günlerem ömri tutsa-da,
Ykbalym ýer alar bagtly kyssada.
Mydam höwürdeşim bolan gussa-da,
Hemmäni doýurar, doýurmaz meni

Gün geler, gülmikä?
Ýandakmy, garak?
Bilýänim olary görkezmez garak
Şol gün "Başy darak, guýrugy orak",
Hemmäni oýarar, oýarmaz meni.



Ylham GURBANALYÝEW
20.05
3 лайков 103 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ffgggggffddd
21 май 2023, 09:49
soz yok kopirak goysana toy gutlagy diyen yaly yada gutlag gosgyn yokmy Ylham !
Venus
Автор 21 май 2023, 11:01
Gonurly,
Nähirliräk
ffgggggffddd
22 май 2023, 17:19
nahilem bolsa doglan gun yada toyda okar yaly