“ŞEÝLE BIR AGLADYM ŞU GÜN...”

...Şeýle bir agladym şu gün:

Imisala köçelerde
Keýpine gezip agladym;
Atyr ysly elýaglygmy
Gözýaşa ezip agladym;
Geçmişimi dyrnap-dyrnap,
Dörjeläp, gazyp agladym;
Ýoňlap dünýäň gussasyndan,
Üşüdip, gyzyp agladym;
Ýüwrüp ýadamsoň sapada,
Aýagmy ýazyp agladym;
...Bu ahwalyň geçmejegin,
Hasratlara a:ç gujagyň
Wagty bilen doýmajagyn
Hem erkime goýmajagyn
Bibaş pikir-oýlaryň hiç.
Iň soňky umyda deňiç
Hasratlaryň bakydygny
Ap-aýdyň syzyp agladym...
Ýazyp agladym...

22.08.2022ý.



Sapa HOMMADOW
15 лайков 466 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gumly gelin
23 авг 2022, 06:33
Belki-de,düýnjik seniñ,
Bu halyñ duýup ýatladym...
Gumly gelin
23 авг 2022, 06:41
Hol gün"Gelneje,indi meñ ýanymda"pylan"zady agzamasana"-diýeñde"Dogrudanam şuñ üçin nämä azara galýan-a men,şu aslynda nämäm şu"diýip pikir edemde serime gelen setirler:

Adamlañ hasraty-gussasy bilen,
Öz ýakan odunyñ tüssesi bilen,
Mydam gyzyp duran durmuş gazany,
Ýedi ýady bir gazanda gowuryp,
Bilýär eken,dogan edip doguryp.
ffgggggffddd
23 авг 2022, 09:57
Mododes Sapa
Leyli Amanowa
23 авг 2022, 13:01
Tüweleme
Yüreksiz
23 авг 2022, 15:38
Ertirlerdäki Frendshipmi sen
Pegas
Автор 23 авг 2022, 15:45
Ýüreksiz
Ertirlerdäki Frendshipmi sen

Hawa.
Yüreksiz
23 авг 2022, 15:52
Waý gazak barmy senem. Lebap ilinden gaýtdyňmy.
Pegas
Автор 23 авг 2022, 16:00
Ýüreksiz
Waý gazak barmy senem. Lebap ilinden gaýtdyňmy.

Waý, bar. Sen kim indi?) Lebapdan gaýdanyma 3 ýyl boldy)
Yüreksiz
23 авг 2022, 16:13
Pegas,
Ped.de işläp ýör diýdiler ýalňyşmasam.
Yüreksiz
23 авг 2022, 16:14
Pegas,
Arsary gyzy men
Ejegyz.
23 авг 2022, 16:19
Tüweleme!
Pegas
Автор 23 авг 2022, 16:39
Ýüreksiz
Pegas,
Arsary gyzy men

Tüweleme, Ýuska bilen bile girýäňiz)) Oňatmyň sen? Barmyň?
...
23 авг 2022, 16:47
Aglamañda
AppEdit
23 авг 2022, 17:34
Mollasapa
yusupahmet12
23 авг 2022, 18:29
Täsirli goşgy
Güljemal
24 авг 2022, 05:52
Geçmişimi dyrnap-dyrnap,
Dörjeläp, gazyp agladym;

Waaahh, hiç wagt hiç kime aýdyp bolmaýan zatlar bar, diňe öz-özüm aglap köşeşýän.