Agladym eje...
Agyr eken,durmuş ýüki çekerden,
Durmuşdan men juda ýadadym eje.
Durmuş allaryna öwrüm gurardan,
Men juda,men juda sadadym eje.
Sadalygy niçik guýduñ kalbyma,
Ýa-da meniñ hamyrmaýam şolmydy.
Sadalykdan ejir çekdim her zaman,
Synan göwnüm öñde-soñda gülmedi.
Göwnüm ýaly göwün tapman jahanda,
Urundym,çar-ýana galgadym eje.
Ynjytmajak bolup,emen ak süýdüm,
Gizlenip kän gezek agladym eje.
Ynandym ýalanlar,allar ýok deýin,
Emma bar ekeni,soñ bildim eje.
Görsene,ynanjañ sada gyzyñy,
Durmuşam keýp edip,aldady nije...
Gyzylgül Annagylyjowa.
2 комментария