Şondanam bir kär bolarmy ?

Şondanam bir kär bolarmy?

"Ýadaňokmy goşgy düzüp?
Şondanam bir kär bolarmy?"
"Näçeräk gazanýaň ýazyp?
Şondanam bir kär bolarmy ? "

"Kösenmegin balyk tutup,
Ekin ekip hem mal bakyp,
Başlyklaryň gepin çekip,
Şondanam bir kär bolarmy ? "

"Alýaň satýaň, satýaň alýaň,
Köp zadyňy karz berýäň,
Onsoň neneň peýda görýäň?
Şondanam bir kär bolarmy ? "

"Gezip iliň howlusynda,
Jaýlaryny gowlasaňda,
Öz öýüňi gowla gelde,
Şondanam bir kär bolarmy ? "

"Her gün işe gelýäň, gidýäň,
Aýlygyň ýoluňa gidýär,
Ol aýlygyň nämä ýetýär?
Şondanam bir kär bolarmy ? "

Hemme gazançly iş etjek,
Agyr işler kime ýetjek?
Barymyz ýeňil iş etsek,
Döwlet berkarar bolarmy?

(16.03.2023)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
5 лайков 139 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
12 май 2023, 20:55
Балыкдан наме хабар? Бу гунлерем тутярсынызмы балык? Улалдар ялы малегам сатянызмы?
Gerceknazar
Автор 12 май 2023, 23:20
kwadrat kelle
Балыкдан наме хабар? Бу гунлерем тутярсынызмы балык? Улалдар ялы малегам сатянызмы?

Şu günlerem tutýas welin indi tomusda gyzgynda balyk satmak kyn bolýar. Malýok satamyzok. Indi goýbolsun edäýmesek şu aýam işlesek indiki aý işläp bolmaýar.