Leýlisaç

Akar suw üsdünde seçeläp telin,
Sülmüräp otyrsyň misli bir gelin
Men öňem ýanyňa gelipdim telim,
Talyplyk ýyllarym heniz leýlisaç.

Saklajak bolýan dek baharyň joşun,
Gaýalar sillere gerende döşün,
Saýaňda bir bölek üssünde daşyň,
Suw oýnap otyrdy bir gyz leýlisaç.

Ýygralyk dilimi duşaklap goýdy,
Dilimiň diýjegin gözlerim diýdi.
Ony ne, sen duýduň ne-de, ýar duýdy,
Ýüregimde galdy bir gyz leýlisaç.

Jadyly serediş näzli ýylgyryş,
Ahmal bolsaň ötjek hyýaly bir guş,
Bir ömre bir gezek duşýan bu görnüş,
Göz öňümden gitmez hergiz leýlisaç.

Synlasam kalbyma gozgalaň salýaň,
Şol mähriban keşbi gören dek bolýan,
Bir delalat isläp ýanyňa gelýän,
Her bahar, her tomus, her güýz leýlisaç.

Bu ýollar çarkandak, bu ýollar uzak,
Munda tötänlikler boljakdygy hak,
Özüm bolup gulagyna çawuş çak,
Geläýse ýanyňa şol gyz leýlisaç.
1 лайков 179 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mrr
Автор 12 май 2023, 09:28
Awtorny bilseňiz ýazaýyň.
Margarita
13 май 2023, 11:25
Gowy goşgy eken.

Ogulgerek Ussaýewanyň "Leýlisaç" atly hekaýasyny ýetiräýiň, kimde bar bolsa.
Marat
Marat
16 фев 2024, 19:32

Nämesi  gowy  kapya yok many yok