Duşuşyk

Ýöräniňde bozman ýeriň gaýmagyn
Aýdymdan

******
Ýöräniňde bozman ýeriň gaýmagyn,
Leýlisaç tarlarňy ýeller galgaýar.
Meni gören gözlerdäki kirpikler,
Boz jeren deý iki ýana ylgaýar.

Daş-töwerek gohun asla eşdeňok,
Dünýäde ikimiz galana meňzeş.
Ertekini ýada salýar bolşumyz
Sen şagyza,
A men şalara meňzeş.

Aýrylasy gelenok göreçleriň,
Razy bir ömürlik bakmaklyga-da
Akyl-huş zym-zyýat, emma seň bilen
Meňzese meňzesin akmaklyga-da

Ähli zada taýýar däli göwünler,
Iki metr galanda özün saklady.
Hyýalda bireýýam gujaklaşdyk biz,
Hakykatda haýa ýolun bekledi.


Ylham GURBANALYÝEW
7 лайков 116 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
03 фев 2023, 06:51
Ownujak tehniki taraplaryna üns bereňok-da, Ylham! Ine, mysal üçin şu Aýrylasy gelenok göreçleriň diýen setiriňi oka, soňam Göreçleriň aýrylasy gelenok diýip okap gör. Üýtgän zat ýok, diňe sözleriň ýerini çalyşdyk. Haýsysy büdränok okalanda?
Venus
Автор 03 фев 2023, 08:41
Pegas,
Salawmaleýkim agam. Gowmy ýagdaýlarňyz? Hawa, indi üns berdim. Sagboluň. Öňki zatlaryň käbirinde ünssizlik bolupdyr.
Jumamyrat
03 фев 2023, 10:43
gowy düzülipdir tüweleme