ÝAZHA-ÝAZ!

Oňat döwür boldy,
Indi goşgyny
depder-depder edip, çem gelen ýazýar.
Ýüreginde bolmasa-da hoş duýgy,
Zehinden binesip çöňňeler ýazýar.

Her ýyl yglan edilende bäsleşik,
Öňürdikläp hem ylgaşlap, säpjeşip,
Utanç-haýaň serhetinden ätleşip,
Daýylar, daýzalar, ýeňňeler ýazýar.

Ýarty kerpiç bilen maňlaýna berseň,
Bulanan beýniler durlanar belkem,
Dälihana girip çykandyr görseň,
Aklyndan azaşan telbeler ýazýar.

Gowy goşgam çap edilýär çendanlar,
Hiç kim oňa baha bermez, geň galmaz.
Çemeçiller, söwdagärler, dellallar,
Bir söz bilen aýtsak, hemmeler ýazýar.

Eger çynyň bilen joşmasa göwnüň,
Waspyn edip bormy bagtyýar döwrüň,
Sakgalyn-sarmygyn galama öwrüp,
Garrap, sandan galan töňňeler ýazýar.

Meger alyp gaçýan borly hyýallar,
Öňler keşde çekip, gaýma gaýanlar,
Ýüz ýyl owal ärden galan aýallar
Hem kazy-kelanlar – selleler ýazýar.

Şygyr döretmek kyn örtenmän, ýanman,
Dogry sözüň aýtman, öz syryň ýaýman,
Şahyr dostum, neçüýn otyrsyň ýazman,
Gör-ä, bu gün senden öňňeler ýazýar.



Atamyrat ATABAÝEW
9 лайков 197 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
03 фев 2023, 13:27
yurejigim bol:a shahyr
Ajaŷyp
Ajaŷyp
03 фев 2023, 13:54
Ýarty kerpiç bilen maňlaýna berseň,
Bulanan beýniler durlanar belkem,
Dälihana girip çykandyr görseň,
Aklyndan azaşan telbeler ýazýar.

???
Gorkakbatyr
03 фев 2023, 14:31
"Eger çynyň bilen joşmasa göwnüň,
Waspyn edip bormy bagtyýar döwrüň,
Sakgalyn-sarmygyn galama öwrüp,
Garrap, sandan galan töňňeler ýazýar."


Ýaşulyň özem "ýazha-ýazlaň" biridi weli, öz aýbyňy görüp bilmeklik kyn bolarly.
Kerbaba
03 фев 2023, 16:10
Gorkakbatyr,
Жуда олар ялы далдиле. Ери геленде айтсак,60 йыл мундан он язан Сен,Сен диен гошгусы уйтгешик ,озболушлы шахырын гелендигни Туркменистана жар эдипдир. Пегас шо гошгыны гойсана бар болса!!?,,Янакларын алмада дал, нарам дал,узын сачларын гара йоне марам дал''диййан сетирлери болмалы..
Maksat
03 фев 2023, 16:46
Gowy goşgam çap edilÿär çendanlar., diýipdir ÿaşuly. Goşgyñ ÿazylan wagtyny bilemok welin, edil düÿn ÿazylan ÿaly, şu günümizem ÿazha-ÿaz...