GEŇ-ENAÝY MARY GYZLARY BARADA
Iki sany gözi bardyr
Maryň gözel gyzlarynyň.
Dillerinde sözi bardyr
Maryň gözel gyzlarynyň.
Gör, ellerem iki sany,
Hakyt gyzyl reňkli gany,
Iki däl-de, birdir jany
Maryň gözel gyzlarynyň.
Aýak bilen ädimleýär,
Gaýnan suwa çaý demleýär,
Gulaklary ses diňleýär
Maryň gözel gyzlarynyň.
Atlary hem geňdir, bilgin:
Maral, Aýna, Jennet, Sülgün...
Gaşam iki (gördüm hol gün)
Maryň gözel gyzlarynyň.
Sesi inçe, ýognasam däl,
Alçagam kän, agrasam kän.
Içýäni suw, iýýäni nan
Maryň gözel gyzlarynyň.
27 комментариев