Gözel sen

Gün hanjary gökden ýere inende
Güne garşy dogan Aýy,gözel sen!
Ussa Jagfar,işi senjap jüppesi
Yspyhanda gurlan ýaýy, gözel sen!

Saç bagyň ujunuň simdir işmesi
Üstüňden ýol düşse kyndyr aşmasy
Agzyň aby-haýat Zemzem çeşmesi
Aýn-al baky suwynyň laýy gözel sen!

Gyzyl diýsem -gyzyl sen, al diýsem -al sen,
Hindistanda-şeker, Bulgarda-bal sen
Yşk bilen açylan bir täze gül sen
Ýusup-Züleýhanyň taýy,gözel sen!

Her kim güýçli bolsa oňa “pir” diýrler,
“Dertli guluň dermanyny biýr” diýrler,
“Gawunyň ýagşysyn şagal iýr” diýrler,
Ykbally bendäniň paýy, gözel sen!

Owazyň Çyn-Maşyn daglar aşasy,
Seni görenleriň akly çaşasy,
Hindistanyň reňkli gyzyl şişesi,
Suraýy çilimniň naýy, gözel sen!


Magtymguly halkdan syryn gizlese,
Dişini uşadyň, ýalan sözlese,
Owalda, ahyrda eýýäm gözlese,
Garyp biçäräniň paýy, gözel sen!


Magtymguly Pyragy
2 лайков 644 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Işiň_bolmasyn
18 июн 2022, 23:42
Meni in gowy gören gosgum su??? saol kop kop yetirenin un?
Şagyzy Şazada
Автор 18 июн 2022, 23:46
Işiň_bolmasyn
Meni in gowy gören gosgum su??? saol kop kop yetirenin un?

Sps menem şu goşgyny haladym
Kerbaba
18 июн 2022, 23:46
Туркмен эстрада айдымчылары гоз онумеде жанланды.... Бири биринден озболушлы якымлы сес бн ерине етирердилер шу гошгынын айдымыны.....
Şagyzy Şazada
Автор 18 июн 2022, 23:49
kwadrat kelle
Туркмен эстрада айдымчылары гоз онумеде жанланды.... Бири биринден озболушлы якымлы сес бн ерине етирердилер шу гошгынын айдымыны.....

Bu goşgynyň aýdymyny diňläp görmedim birinji gezek senden eşitýän aýdanyňa sag bol
Işiň_bolmasyn
18 июн 2022, 23:50
kwadrat kelle,
Bolsa su aydym ssylka edip ugraday mana hayys
Kerbaba
18 июн 2022, 23:58
Гынансагам менде онун язгысы ек..Сиз онда тазе несиллер боляныз......Товерегинизде яшы 45-50 болан айдым саздан хабарлы адамлардан сорашдырын... Белки оларда кассеталар сакланып галандыр.