Soňlanmajak jedel...
Salam gadyrly islenen agzalary. Günde teswir ýazmasam hem okaýan. Tüweleme gyzykly mowzuklary we hekaýalary paýlaşýan agzalarymyz bar. Emma haçan görseň, hökmany suratda bir sany dinli mowzuk bardyr. Olary onçakly okamok, ýöne göz gezdirýän. Emma şu wagt @kaep_begcoin agzaň mowzugyny dolulygyna 117 teswiri bilen bilelikde okap çykdym we gaty köp zada düşündim.
Ýagny @Khanture agzadan başlalyň. Ýurdyň hamana dini goramana galan ýeketäk hemaýatydyryn öýdäýenok özüni. Şonda-da teswirlerinden çen tutsak türkamanlygy mese mälim görnüp duran zat. Esasanam Türkleriň akyl ýuwmak we ýeňil kelle nesilleri din gullaryna öwürmek üçin döreden materiallaryndan paýlaşýar mydama (päheý, bilinmesin diýip bolmanda bir terjime edensiräýmeli ahyryn). Soňam Tekizýerçiler opşinasyndanlygyny hem çen tutsak, başga teswir bermek gerek hem dälmikänim diýýän. Eger islam dinini bilmeklik boýunça test bolan bolsa, şu çaga 100 den 10 bal alsa (onuňam 5 baly bilmän tötänleýin basany dogry çykan ýagdaýynda) şükür edersiňiz.
We @Kaep_begcoin mowzugyňda many barda emma matrak ýok dossum. Ýagny dellekçi bilen premium derejede dini çekeleşmegem bir wariant däl. Bu edil köçe süpürýän Annatäç daýza bilen Koronaäirusyň waksinasyny oýlap tapmagy maslahatlaşan ýaly bir zat bolýar. Emma soraglaryňda jan bar, we ýazan teswirleriňden çen tutsak, soraglaryňa özüňde hem jogap bar eken. Indi şeýle sorag emele gelýär, näme sebäpden nerwiňi zaýalap, janygyp jedel edýäň? Ýazyşyňa seretsegä 26-28 ýaşly oglana meňzeýäň, we geliwem indi şony 16-18 ýaşly çaga bilen çekeleşýäň. Bilýän, belki adamlaryň gözýetimini açmak ýa-da özüňe pikirdeş gözleýänsiň. Emma beýdip ol maksadyňa ýetip bilmersiň. Üns beren bolsaň, jedelleşenler dine 1 ýa-da 2 agzadyr. Nä beýleki agzalarda ýazara zat ýokdyr öýtýäňmi?! Elbetde bar, emma olarda ullakan gorky hem bar. Häzir biri musulmanlara şöhrat diýip mowzuk açsa, baý ýazarlara, sebäbi olar dini goldaýan we hä diýdirýän zatlary ýazýarlar, paýlaşýarlar. Hatda tüýkesmezek ateist bolsa hem, şolar seň tarapyňy tutman, wirtualda musulmansyran bolýarýar, sebäbi eger olar ateistligini bildirseler, olary hemme musulmanlar ignor eder, gürleşmez we ş.m. Ýagny, tipiçnaýa Derafobiýa.
Jedelleşmäň diýemok, jedelleşiň. Ýöne bellem massy mussa geçmäýiň. Sen Musulman bol, Hristian bol, Ateist bol ýa-da Tekizýerçi bol. Parhy ýok kim bolsaňam adam bol. Taryhda hemmäniňem ýalňyşy ýeterlik, islamda sanaýan ýalňyşlaryňyzyň hemmesi beýleki dinlerde hem bar. Häzir ýok, emma Araplar entägem ogryň elini çapýa diýersiňiz, ýöne şol Hukuk we erkinligiň öýjügi hasaplanýan Amerikaňyzda hem ölüm jezasy entägem bar (diňe 2 ştatynda bar, Tehasda asýalar we Waşington da hem ineksiýa arkaly) ýagny diýjegim, bar şol din bolsun, ylym bolsun, hemňesinde hem ýalňyşlyklary ýeterlik. Ylymda hem sanasaň iýilen pohlary sanap oturmaly, meselem taryhdaky adam hasap edilmän gul edilip äkidilen negrler, Amerikada işlän gullar, Labaratoriýalarda geçirilen müňlerçe eksperimentleriň pidalary. Olara meselem Islam ýa Gurhan günäkär däl. Sebäbi agzan zatlarymyň bolan ýerleri ýewropa we amerika we afrika. Şeýle bir nakyl bar "Eňilip öz götüni gören ýokdyr" ýagny özge düşünjäni tankytlamazdan ozal öz düşünje we ynanjyňyzdaky şoňa meňzeş emma kabul etmeýän terminleriňiz bilen gabatlap görüň. Düşünen düşüner, ýaltanman okanyňyz üçin minnetdar.

14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.