.......
Buddawistlik taglymatynda "älem üç bölekden ybarat" diýilýär
Birinji älem(Nirwana) iň ýokary älem bolup,onda bütünleý rahatlyk höküm sürýär.Onda diňe arassa ruh ýaşaýar.Bu älem ruhuň mekanydyr.Buddawistlik taglymatyna görä,ylahy ruhy düýbünden bilip bolmaýar.Bu älemde ruh materiýadan daşarda we hereketsiz asuda ýaşaýar.
Ikinji älem,rowaýatlara görä,ruhy barlyklar bilen doly jennet bolup oňa "bodisatwa" diýilýär.Bu älemiň häkimi Amitabadyr.Amitaba äleminde ruh günäsinden halas bolan,emma iň ýokary äleme, ýagny nirwana-bütünleý boşluk we asudalyk älemine göterilip bilmedik ruhanylar ýaşaýar.Buddalar adamlara, budda taglymatyny öwretmek we dogry ýoldan alyp barmak üçin ýere iberilýän eken.
Üçünji älem iň aşakdaky älem bolup,onda adamlar we haýwanlar ýaşaýar.Bu älemde ruh kapasada ýaşaýar.Ol materiýanyň penjesinden halas bolup,ýokary äleme çykmaga synanyşýar.Ruhuň ýokary göterilmegi adamlaryň edýän sogaply işlerine bagly bolýar.Eger-de adam buddanyň ýolundan barsa,ýagşy işlere ymtylsa,onuň jany gaýta doguluşlardan soň jennete,ondan hem nirwana göterilýär.Erbet we günäli adamlaryň ruhy aşakdaky dünýäde azaplanyp,kapasda ýaşaberýär we hiç wagt ýokary äleme çykyp bilmeýär.Nebs we erbet işlere çolaşyp,ondan halas bolup bilmese,beýle adamyň ruhy birnäçe doguluşdan soň,ýer astyndaky dowzaha düşýär we ol ýerde ebedi azaplanýar.
Buddawistlik dini, hristian we yslam dinlerine güýçli täsirini geçirýär.Esasan,ahyrýet düşünjesi,gaýta direliş,ruh we janyň ölmezligi,haýwanlary azaplamagyň günäligi ýaly käbir taglymatlar buddawistlikden soňky dinlere geçýär.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.