EJE

Eje, meni saňa meňzeş görýärler,
Meni görüp seni salýarlar ýada.
Parahatdyň, dünýe ýaly giňdiň sen,
Düşüp ýöreňokdyň men ýaly oda.

Baýdak ýaly pasyrdamda, synymdan
çekipjik, "Ýuwaşrak bolaý!" diýerdiň.
"Erkek oglanlara meňzäp barýarsyň,
Bulary özüňden biläý!" diýerdiň...

Eje, meni saňa meňzeş görýärler,
Meni görüp seni salýarlar ýada.
Bir agzym bişensoň, özümden özgä
ynanmadym ahyr, bolsam-da sada.

Ýaşadym men derýalarda gark bolup,
Ýaşadym men, bir-de ölüp, direlip.
Eje, meniň zeýrenesim gelenok,
Bizi känbir aýamady dirilik.
Geläýmeseň, wah, ýanyma direlip.

Eje, meni saňa meňzeş görýärler,
Meni görüp seni salýarlar ýada.
Ýöne men, ýöne men... perwana eje!
Öz-özüni dözüp ýören perýada.

Käşgä saňa meňzeş bolsadym, eje!
Kim maňa dost, duşman... bilsedim, eje!

Ogultäç ORAZTAGANOWA
1 лайков 75 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Elif
Автор 20 июн 2023, 21:25
AÝDYLMALY AÝDYM

Sen meň birçak aýdylan,
Iň bir gamgyn aýdymym.
Sen meň birçak aýdylan,
Iň şadyýan aýdymym.
Çykdy gitdi ýadymdan,
Ýöne haçan aýdanym.

Gamgyn çagym aýdamda,
Ah, halymy aňlardy.
Özi aýdym bolsa-da,
Adam ýaly aglardy.

Şadyýan pursatlarym!
Wah-eý, känem däldiler.
Soňabaka-ha olar,
Hakyt menden dändiler...

Indi aýdym aýdamda,
Bolsa-da ol şadyýan.
Nämüçindir, elimi
ýüze tutup aglaýan.

Sebäp olarda sen bar,
Diýme: "Ol bir aýdym-a!"..
Terk edilen dünýämde,
Öwrüldiň sen aýdyma.

...Sen indi aýdylmaly,
Iň bir gamgyn aýdymym.
Sen indi aýdylmaly,
Iň şadyýan aýdymym.
Ýöne ömür paýawlap
barýar, haçan aýdaryn?!

Ogultäç ORAZTAGANOWA