DÜŞNÜKSIZ ADAM

ýa-da Stefan Sweýgiň bagtsyz ölümi hakda kelam agyz


Heran haçan şu şahsyýet hakynda bir zat ýazmaly bolsam, oňa şundan laýyk sözbaşy tapmazdym. Çünki ýüregi hemmeler üçin aýnada ýaly görünip duran adam ömrüniň ahyrynda düýbünden düşnüksiz bir şahsyýete öwrüldi oturyberdi.
1942-nji ýylyň 23-nji fewralynda dünýä metbugatynyň ilkinji sahypasyny täsin habar eýeledi. Onda: "Awstriýaly meşhur ýazyjy Stefan Sweýg hem-de onuň aýaly Şarlotta Rio-de-Žaneýronyň golaýynda ýerleşýän Petropolis şäherçesindäki öýleriň birinde öz janlaryna kast etdiler" diýilýärdi. Hawa, Stefan Sweýg aýaly bilen bilelikde öz janyna kast edipdi. Dünýäde uruş gidýärdi, şol sebäpli hem bu habar dillerde kän eglenmedi. Emma bu ajy habar edebiýaty söýüjileri welin biparh goýmady. Göräýmäge, beýle ýagdaýa düşer ýaly, ýazyjyda düýpli bir sebäbem ýokdy. Maliýe tarapdan gurgundy, döredijilik tarapdanam iň bir önjeýli işleýän döwürleridi. Dogry, 30-njy ýyllarda Germaniýada onuň kitaplary gadagan edilipdi. Oňa derek ABŞ-nyň neşirýatlary ony gujak açyp garşylaýardylar. Söýgüli aýaly hem ýanyndady...
Ýöne oňa diňe bir zat ýetenokdy. Ol watandy. "Adamlaryň arasynda özüňi ýalňyz duýmakdan erbet zat ýokdur". Ine, Sweýgiň ömür ýoluny, betbagt ölüminiň sebäbini açyp berýän jümle. Bu onuň öz sözi we ol hakykatdanam ýat adamlaryň arasynda watanynyň zaryny çekýärdi. Bu hakynda Erih Mariýa Remark "Behiştdäki kölgeler" romanynda şeýle belleýär: "Eger uzak Braziliýada öz janyna kast eden Stefan Sweýgde hem-de onuň söýgüli aýalynda şol pajygaly gije, bolmanda, telefon arkaly kimdir biri bilen derdinişip, iç döküşere mümkinçiligi bolan bolsady, onda bu aýylganç ölüm bolmasa bolmazdam. Ýöne, hernäçe gynansak-da, Sweýg ýat ilde, ýat adamlaryň arasyndady..."
Hoşlaşyk hatynda Sweýg şeýle ýazypdyr: "Altmyşdan soň durmuşa täzeden başlamak üçin biçak uly güýç gerek bolar eken. Men bolsa uzak ýyllaryň dowamynda watanymyň zarynda güýç-kuwwatdan galdym.
Başymy dik tutup, dirilik kitabyna häziriň özünde nokat goýan ýagşy diýip pikir edýärin. Barça dost-ýarlaryma gowulyk dileýärin. Uzak höküm süren tümlügiň aňyrsyndan lowurdap görünjek ýagtylygy, goý, olar görsün. Meniň bolsa oňa garaşara takadym ýok"... German Gesse bolsa, müňlerçe okyjylar ýaly, Sweýgi başgaça tanapdy: " Stefan Sweýg — dostana ynsandy". Ol hakynda aýdylan şular ýaly gowy sözler başga-da kän. "Ol ähli taraplaýyn baý", " Sweýg — tüýs bagty getiren"... Bularyň barynyň üstüni Sweýg ömrüniň ahyrynda gelen garaşylmadyk karary bilen çyzdy. Düşnüksiz adam! Dünýä ony şeýle atlandyrdy. Çünki döreden eserleri bilen millionlaryň ýaşaýşa bolan höwesini artdyran ýazyjy bu höwesi özünde oýaryp bilmändi...

Terjime eden: Baýramgeldi Aliýew.

Ceshme ,,Galamdash.com,, dan 13.12.2019 da alypdyryn.
1 лайков 125 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Elif
Автор 20 июн 2023, 21:58
Kitaphana'de bir kitaby bar shu yazyjyń
Elif
Автор 20 июн 2023, 21:59
Kitaphanatttt'de
Elif
Автор 20 июн 2023, 22:01
Teswirler dogry chykanok
Suleyman
20 июн 2023, 23:16
Dünýä edebiýaty žurnalynyň 2022-nji ýylyň 5-nji sanynda şu ýazyjynyň "Küşt kyssasy" diýen nowellasy bar. Okamagy maslahat berýän.
Gaty güýçli ýazylypdyr.
Ýazyjyň başgada 2-3 sany kyssasyny okadym we häzirem okaýan. Esasy aýal psihologiýasyna urgy berýär eserlerinde.
Elif
Автор 21 июн 2023, 00:04
,,Birtöwrasam,, gyzykly
Anna
21 июн 2023, 13:53
Stefan Sweyig, Artur Shopongauer, Bukovski, Gustavo flovbert, Fredrih Nisşe, Dostoyweski , Alber Kamyu . Osho... Beylekilere menzemeyan şahsyýetler
Anna
21 июн 2023, 13:55
Dunye Edebiyatyn sonky yyldaky sanawy yok eken Kitaphanalarda