Öz janyňa kast etmegiň psihodiamikasy

Ylmy barlagçylar galdyrylan hatlaryň mazmunyny dört toparda jemleýär:

1). Ýakynlaryndan ötünç soraýan, olara mähir-söýgi we ýürek duýgusyny beýan edýän oňyn hatlar.

2). Töweregindäkilere bolan öýke-kinesini gönüden-göni mälim edýän ýa-da özüne gargynýan formada nägilelik bildirip ýazylan negatiw hatlar.

3). Duýguçyllykdan daş, köplenç polisiýa we jemgyýetçilik edaralaryna ýüzlenip ýazylan ýa-da sözbaşysyz başly-barat ýazylan neýtro hatlar.

4) Oňyn duýgulara we öz-özüne gönükdirilen duşmançylyk duýgularyna ýugrulyp ýazylan garyşyk duýguly hatlar.
Öz janyna kast etme meselesinde geçirilen barlaglaryň ýene bir bölegi-de netije bilen tamamlanmadyk synanşyklary öwrenipdir. Adamlaryň köpüsi soňlanman galan öz janyna kast etme synanşygyna giren adamyň töweregindäki birnäçe adamy ýa-da adamlary öz isleýän zadyna razy etmek maksady bilen şeýle ýagdaýa ýüz urýandygyna ynanýar.

Bu meselede giňişleýin barlaglary geçiren Stengeliň we Kukyň (1958) gelen netijesini şu aşakdaky ýaly görnüşde berip bolar:

1). Öz janyna kast etme synanşygy maksadyna ýeten jana kast etmeden tapawutly hereketdir we aýratyn özüňi alyp baryş formasy hökmünde seljerilmegi gerek.

2). Öz janyna kast etmäge synanyşan adam bu hereketi bilen töweregindäkilere yşarat ediji we näme edýändigini özü-de bilmän göýä “dat, maňa kömek ediň!” diýýän ýaly ýalbarýar. Çekýän kynçylyklaryna başga çykalga tapmandygy üçin şeýle hereket arkaly çözgüt gözleýär. Bular ýaly ýagdaýda öz janyna kast etmäge synanyşýan adam köplenç özü-de bilmän haraýyna ýetişiler we kömek ediler ýaly mümkinçilikleri açyk goýýar.

3). Hakyky öz janyna kast etme wakasy adamyň durmuşyna, hususanam ýakyn töweregi bilen gatnaşyklary babatda möhüm üýtgeşmeleri döredýär. Bu hereketiň soňunda hassahana ýerleşdirilen adam ol ýerde belli bir wagta çenli ýatýar we töwereginde bolup geçýän wakalar başgaça bolmaga başlaýar. Bu bolýan üýtgeşmeler onuň göwnüne ýaraýar. Çünki olam eýýäm doly üýtgeýär, superegosynyň isleglerine eýerip etmişleriniň öwezini dolmak isleýär. Şol sebäpli ölüm bilen oýnan oýnunyň netijesinde gazanan zadyny, ýagny durmuşyny batyrgaýlygynyň beren miwesi hökmünde kabul edýär.

Geçirilen barlaglar mahal-mahal öz janlaryna kast etmekden söz açýan kişileriň köplenç beýle synanşyga baş goşmaýandygy babatda halk arasynda bar bolan ynanjyň ýalňyşlygyny we öz janyna kast eden kişileriň ýarsyndan gowragynyň gönüden-göni ýa-da dürli gytaklaýyn ýollar bilen daş-töweregini habarly edýändiklerini görkezýär. Öz janyna kast etmegiň görnüşlerinden söz açmagyň özi töweregiňdäkileri kömege çagyrmakdyr. Şeýtmek bilen ol, düşen ahwalynyň güýçlüdigini we janyna kast etme babatda alaçsyzlygyny mälim edip, başga bir tarapdan ýakynlaryny çagyryp, olaryň hemaýatyny gözleýär. Gynansak-da, bu çakylygy köplenç öz janyna kast etjek bolýanyň ýakynlary aňşyrman galýar ýa-da üns bermeýär. Öz janyna kast etmäge meýillenýän adam ýaşaýşa bolan höwesini, umydyny bütinleý ýitirensoň, bu çakylygy bilen ýakynlaryndan goldaw hantama bolup we özüne üns berilmegini isläp iň soňky ýapyşalgasyna ýapyşýar, ondanam zat çykmasa, soň niýetine düwen işini edip dynýar. Birnäçe öz janyna kast etme pikiriniň affektiw bozuklygynyñ hindilerde köp duş gelýändigi mälimdir. Hususanam bular ýaly öz janyna kast etmeleriň kesgitleýji täsirleriniň psihologiki tarapynyň bolşy ýaly biologiki tarapynyňam bardygyny aýtsa bolar. Çünki depressiw näsaglarda geçirilen psihoterapiýa barlaglary öz janyna kast etme meýliniñ (расположение) agramly böleginiň biohimiki üýtgeşmelere goşmaça garşylykdygyny görkezdi. Şol sebäpli çynlakaý öz janyna kast etme meýliniñ görkezen kişileriň aglabasynda psihoterapiýanyň ýeke özüniň ýeterlik däldigini we psihoterapiýa bilen birilikde somatik bejergileriňem edilmelidigini birnäçe ylmy barlagçy tarapyndan bellenip geçilipdi.

Engin GEÇTAN “Psikodinamiki psihatriýa we adatdan daşary özüňi alyp baryşlar”.
3 лайков 207 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
21 ноя 2021, 16:39
Näme Psiholog boljak bolýaňmy gelmişek planetaly!? ?
- Dani
Автор 21 ноя 2021, 16:46
Цитата: Jeksparro
Näme Psiholog boljak bolýaňmy gelmişek planetaly!? ?

aý ýokla, dogry zat ýazylypdyr hihi
Şamuhammet
21 ноя 2021, 16:53
Цитата: - Dani
Цитата: Jeksparro
Näme Psiholog boljak bolýaňmy gelmişek planetaly!? ?

aý ýokla, dogry zat ýazylypdyr hihi


Senem dogry zady gözlän bolşuňmy şü ?
- Dani
Автор 21 ноя 2021, 16:59
Цитата: Jeksparro
Цитата: - Dani
Цитата: Jeksparro
Näme Psiholog boljak bolýaňmy gelmişek planetaly!? ?

aý ýokla, dogry zat ýazylypdyr hihi


Senem dogry zady gözlän bolşuňmy şü ?

bela bir saňa dalimisen
Şamuhammet
21 ноя 2021, 17:05
Цитата: - Dani
Цитата: Jeksparro
Цитата: - Dani
Цитата: Jeksparro
Näme Psiholog boljak bolýaňmy gelmişek planetaly!? ?

aý ýokla, dogry zat ýazylypdyr hihi


Senem dogry zady gözlän bolşuňmy şü ?

bela bir saňa dalimisen


Senden geljek belalar nähili belalarka!? ?
Biohimik
21 ноя 2021, 18:26
Geljekki lukman praktika gecyandirdaJeksparro,
Aýnur
21 ноя 2021, 18:37
Tejribe edip goraymelimi ya:)))