300 ýyllyk haty açman okadylar
Hünärmenler 300 ýyl ozal ýazylyp, ýörite usul arkaly eplenip bukja salnan haty açmazdan okadylar. Şol döwürler bukjany açmazdan okamagy kynlaşdyrmak üçin ýörite eplenen haty okamak üçin “X-ray” maşynlary we ýokary durulygy bolan üç ölçegli skannerlerden peýdalandylar. 1697-nji ýylda ýazylan haty Massaçusets tehnologiýa institutynyň hem-de Londonyň Patyşalyk kollejiniň hünärmenleri oňa hiç hili zeper ýetirmezden içinde näme ýazylandygyny gördüler. Şuňa meňzeş hatlar taryhy gymmatlyk hökmünde köp ýerde saklanýar. Bu kagyzlaryň gatyny açmak ýyrtylmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin bu usul taryhy gymmatlyk hökmünde saklanýan şeýle hatlary okamak üçin möhüm ösüş hasaplanýar. Orta asyrlardan bäri uzak ýola iberilýän hatlar eplenip, kagyzyň özi bilen möhürlenýärdi. Ony okamak üçin hökman möhürini ýyrtmaly bolýardy.
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.