Reý Bredberiniń žurnaliste jogaplaryndan:

— Baş goşmadyk zadym ýokdur. Gödegrägem bolsa aýdaýyn, bir ýere üýşürilen zibil hasap edäýiň meni. (Gülýär). Emma şol zibilem güýçli ýalyn bilen ýanýar. Edebiýatam gursagymda edil şonuň ýaly ýanýar. Käteler özümi ýarygije Amerikanyň içinden süýnüp barýan otluda halaýan ýazyjylarym bilen bir ýerde oturyp, gürrüňdeş bolýan ýaly duýýan. Ynha, şol otluda bolmalylaryň iň ilkinjisi çeper pikirleriň ussady Jorj Bernard Şowdur. Onuňam käwagtlar ylmy-fantastika ýykgyn edäýýän wagtlary bolýar. Ine, şol otluda gijäň bir wagtyna çenli oturyp, Bernard Şow bilen dürli edebi taglymlar barada çekeleşmegi näler islärdim.

— Şol otluda ýene kimleriň bolmagyny islärdiňiz?

— Şahyrlardan Hopkins, Frost, Şekspir, ýazyjylardan Steýnbek, Hýuksli, Tomas Wulf dagy bolsa kem bolmazdy...

1 лайков 93 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
20 июн 2023, 22:36
Reý daýy iň gowy görýän fantast ýazyjym.
Elif
Автор 21 июн 2023, 00:09
Gowy eserleri bar ,,451oF,,