Awtoportret

Gam-gussa bile birikdim
Bolubilsem satirikdim
Bilýän üçin materikdim
Bilmedige ada boldum

Kyny tutdym, amady däl
Kalbyn gördüm, kamaty däl
Kimler üçin adaty däl,
Kimler üçin kada boldum

Şeýtana boýun bolmadym
Il-güne oýun bolmadym
"Hä" diýip, goýun bolmadym
Boldugymdan sada boldum

Mätäç bolup, el sermedim
Yhlas etdim, el çermedim
Ýakyn üçin göz görmedim,
Bolsam mydam ýada boldum

Duranok, durmazam günler
Ak bagta atarar daňlar
Bagtyna gowuşdy kimler
Men ortada "ýa-da" boldum

Haram iýsem, ýansyn bagrym
Bozman asla iman çygrym
Düşmedige labrint şygrym
Düşünene ýoda boldum


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
6 лайков 138 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
19 июл 2022, 10:54
Berekella!Gaty göwnüm ýetdi.Murapbaga iñ ökde şahyrlardan biri ekeniñiz.
Belki
19 июл 2022, 12:08
@Felicita agza öz adyndan size şu teswiri ýazmagymy haýyş etdi:
"Ýazanlaryñyzy köp wagtdan bäri myhman bolup okaýan.Gaty gowy we duýgulandyryjy.
Goşguñyzy şu wagt okadym.Örän haladym."
Soho
19 июл 2022, 18:35
gaty tanysh:lay, (shahyryn at-familiyasy)
Venus
Автор 19 июл 2022, 19:04
Belki,
Salam. Ýaran bolsa Size-de, @Felicita agzada minnetdar! @Felicita agzaň teswiri goşgularymdanam duýgulandyryjy:)
Venus
Автор 19 июл 2022, 19:04
Soho,
Nähilika?)