Ýazypdy diý...

Söýgim üçin däli bolup
Ýaş ýüregin ezipdi diý
Yşk ummanda ýaly bolup
Titanik deý ýüzüpdi diý

Wadasynda mäkäm durup
Hyýalynda durmuş gurup
Ýalanlarma gözün ýumup
Dogrylarmy süzüpdi diý

Kä beýge, kä teýe çykyp
Her dürli oý-küýe çykyp,
Ýalňyz a:da eýe çykyp,
Robinzon deý gezipdi diý

Dünýe täsin röwüş deýin
Gezdi munda derwüş deýin
Menzil geçen köwüş deýin
Umytlary tozupdy diý

Söýlende söýülse-hut bagt
Söýüp söýülmese-betbagt
Baky bolmasa-da şol wagt
Hakydadan pozupdy diý

Bagtyň barsyn basym ýerne
Ykbal dözme kesimlerňe
Geljekdäki nesillerňe
Şu goşgyny ýazypdy diý


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
3 лайков 82 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.