Şeýle pursat bolar ynsan ömründe...
Şeýle pursat bolar ynsan ömründe
Dymasyň gelerem, tapmarsyň takat
Kelläňde aýlanar ýüz dürli sorag
(Arasyna goýup bilsediň nokat)
Şeýle pursat bolar ynsan ömründe
Dymasyň gelmez, barjaňy sözlärsiň
Tapylmaz gürlemäge ýeke sorag
Nokatlara derek sorag gözlärsiň
Şeýle pursat bolar ynsan ömründe
Pikirleň barsyn çekersiň goraga
Diñlärsiň sözüni ýüregiň, aňyň
Ýüzlenme goýarsyň nokat, soraga
Şeýle pursat bolar ynsan ömründe
Dymyp oturansyň misli lal ýaly
Gerek däldir
ýüzlenme,
sorag,
nokat
Sorag-ýüzlenmä-de orun bar ýaly
Ylham GURBANALYÝEW (2019)
Dymasyň gelerem, tapmarsyň takat
Kelläňde aýlanar ýüz dürli sorag
(Arasyna goýup bilsediň nokat)
Şeýle pursat bolar ynsan ömründe
Dymasyň gelmez, barjaňy sözlärsiň
Tapylmaz gürlemäge ýeke sorag
Nokatlara derek sorag gözlärsiň
Şeýle pursat bolar ynsan ömründe
Pikirleň barsyn çekersiň goraga
Diñlärsiň sözüni ýüregiň, aňyň
Ýüzlenme goýarsyň nokat, soraga
Şeýle pursat bolar ynsan ömründe
Dymyp oturansyň misli lal ýaly
Gerek däldir
ýüzlenme,
sorag,
nokat
Sorag-ýüzlenmä-de orun bar ýaly
Ylham GURBANALYÝEW (2019)
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.