Şeýle pursat bolar ynsan ömründe...

Şeýle pursat bolar ynsan ömründe
Dymasyň gelerem, tapmarsyň takat
Kelläňde aýlanar ýüz dürli sorag,
(Arasyna goýup bilsediň nokat)

Şeýle pursat bolar ynsan ömründe
Dymasyň gelmez, barjaňy sözlärsiň
Tapylmaz gürlemäge ýeke sorag,
Nokatlara derek sorag gözlärsiň

Şeýle pursat bolar ynsan ömründe
Pikirleň barsyn çekersiň goraga
Diňlärsiň sözüni ýüregiň, aňyň
Ýüzlenme goýarsyň nokat, soraga

Şeýle pursat bolar ynsan ömründe
Dymyp oturansyň misli lal ýaly
Gerek däldir sorag,
nokat,
ýüzlenme...
Sorag-ýüzlenmä-de orun bar ýaly...


Ylham GURBANALYÝEW (2020)
2 лайков 97 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.