Garaz, şeýdip...

Senli geçen aňzak gyşy küýsedim,
Çydap bilmän aýralygyň ýazyna
"Söýen ýarym,dolanmazmyň?!" diýsedim,
Owaz goşup "Keçpelegiň" sazyna

Häli-şindi gyzaryp dur göwnümiň,
Aýralykdan şarpyk iýen çekgesi
Käşgä umyt dörese-di gursakda,
Ykbal meni sen tarapa çeksedi

Astronomiýa-da üýtgäpdir sensiz...
Geçýän gün - deň däl ýigrim dört sagada
Içdäkilem şeýle agyr, hem deňsiz
Agyr düsjek, ol gojaman daga-da

Soňky döwür pikirlermiz bulaşdy
Garaz, şeýdip oňuşmadyk bol-telki
Tekepbirlik beýnimize çolaşdy,
Söýgümizi öldürenem şol belki


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
4 лайков 146 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nury
09 дек 2022, 19:14
,,Senli geçen aňzak gyşy küýsedim,
Çydap bilmän, aýralygyň ýazyna"

,,Häli-şindi gyzaryp dur göwnümiň,
Aýralykdan şarpyk iýen çekgesi"

Gowy setirler, haladym! Galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!
Venus
Автор 09 дек 2022, 20:48
Nury Sakçy,
Sagboluň. Minnetdar yaran bolsa!