Oýlanma

Senli geçen aňzak gyşy küýsedim,
Çydap bilmän aýralygyň ýazyna.
"Söýen ýarym, dolanmazmyň?!" diýsedim,
Owaz goşup "Keçpelegiň" sazyna.

Häli-şindi gyzaryp dur göwnümiň,
Aýralykdan şarpyk iýen çekgesi.
Käşgä umyt dörese-di gursakda,
Ykbal meni sen tarapa çeksedi.

Astronomiýa-da üýtgäpdir sensiz...
Geçýän gün,deň däl ýigrim dört sagada.
Içdäkilem şeýle agyr, hem deňsiz,
Agyr düsjek, ol gojaman daga-da.

Soňky döwür pikirlermiz bulaşdy,
Garaz, şeýdip oňuşmadyk bol-telki.
Tekepbirlik beýnimize çolaşdy,
Söýgümizi öldürenem şol belki.

Ylham GURBANALYÝEW.

2021
5 лайков 275 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
25 фев 2023, 09:09
Tüweleme şu mowzyga 200den köp adam okapdr.