Saýtyň hormatly agzalary

8-Nji mart Halkara zenanlar günine bagyşlanan haýsy şahyr goşgularyny bilýäňiz bilseňiz paýlaşaýyň.
2 лайков 171 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jumamyrat
Автор 24 фев 2023, 19:10
Şahyrlarmyz üçin täze tema mümkinçilik.
Gerceknazar
24 фев 2023, 19:25
Juma şahyr
Şahyrlarmyz üçin täze tema mümkinçilik.

Bu temadan 2 sany goşgy ýazypdym häzir telefona geçirip paýlaşjak.
Jumamyrat
Автор 24 фев 2023, 19:31
Gerceknazar,
Agam gyzyklam bolýa herkim özüniň ukyp başanyklaryny görkezýär dogry dälmi
Gerceknazar
24 фев 2023, 19:36
8-nji mart

8-nji mart güni
Elme alyp ter güli
Käbäm baýramyñ bilen
Menem gutlaýan seni

Ödelmejek borjum bar
Señ öñiñde mähriban
Sen arkamda arkadag
Göwnimizde gahryman

Çagalykdan ulaldyp
$u günlere getirdiñ
Syrkawkam gije ýatman
Ba$ ujumda oturdyñ

Aglanymda hüwdiläp
Zordan dañyñ atardyñ
Gitsem ýoluma garap
Gaýgy-gussa batardyñ

Dillermide dessandyr
Mähriñ,pähmiñ päk y$gyñ
Saña kijijek sowgat
$ujagaz ýazan go$gym

08.03.2019

Gerçeknazar Amannazarow
Gerceknazar
24 фев 2023, 19:36
DogryJuma şahyr,
Gerceknazar
24 фев 2023, 19:36
8-nji mart

(Goňşym Şatlygyň haýyşy boýunça ýazan goşgym)

8-nji mart güni
Ele alyp ter güli
Janym baýramyň bilen
Gutlaýaryn men seni

Ýürekdäki sözlermi
Bu gün getirsem dile
Söýgülim toý tutaly
Baky ýaşaly bile

Ýaryň geler ýanyňa
Wepaly bol ýaryňa
Bilbil aýagyň düşsün
Gir öýümiň törüne

Çekeli biz durmuşyň
Ajysyn hem süýjisin
Göwünlermiz galkynyp
Päk söýgümiz güýjesin

Gerçeknazar Amannazarow
Jumamyrat
Автор 24 фев 2023, 19:55
Gerceknazar,
tüweleme agam gowy ýazylypdyr
Gerceknazar
24 фев 2023, 20:11
Juma şahyr
Gerceknazar,
tüweleme agam gowy ýazylypdyr

Sag bol inim hormatyňa minnetdar .